Sepleriň elýeterliligi

ÝB Ukraina iki milliard dollar berýär


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker (ç). Riga, 22-nji maý, 2015

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker (ç). Riga, 22-nji maý, 2015

Ýewropa Bileleşigi bilen Ukraina ýurduň yza galýan ykdysadyýetini goldamak üçin oňa 1.8 milliard dollarlyk karz berilmegi barada şertnama baglaşdylar.

Bu şertnama Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň we alty sany postsowet döwletleri bolan Gürjüstanyň, Moldowanyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleriniň 22-nji maýda geçirilen sammitinde gol çekildi.

“Associated Press” agentliginiň ýazmagyna görä, ÝB-niň makro maliýe goldaw (MFA) programmasynyň bir bölegi bolan bu şertnama Ukrainanyň ençeme reformalary amala aşyrmagyny we ýurduň ykdysadyýetindäki problemalardan çykalga tapylmagyny talap edýär. ÝB-niň indi berjek karz puly Ukraina soňky iki ýylyň dowamynda berlen kömegiň möçberini 6 milliard ýewro çenli artdyrýar.

Ukrainanyň maliýe ministri Nataliýa Ýaresko žurnalistlere ÝB-niň kömeginiň ýurt üçin “aýgytlydygyny” aýty.

Nataliýa Ýaresko şeýle diýdi: “Bu üçünji makro maliýe goldaw toplumy şu günki gün iň ily kömek bolýar we ÝB-niň Ukrainanyň bu agyr döwürden geçip, reformalar ugrunda öňegidişlik gazanjagyna birdirýän ynamynyň subutnamasy bolup durýar”.

Ykdysady kynçylyklar

Ukrainanyň ykdysadyýeti şu ýylyň birinji çärýeginde 2014-nji ýyla degişli döwür bilen deňeşdirilende 18% pese gaçyp, milli puluň hümmetsizlenmegine getirdi we ýurduň gündogarynda orsýetçi separatistler bilen bir ýyla golaý wagt bäri konfliktiň dowam etmegi bilen baglylykda maýa goýujylaryň ynamyny gowşatdy.

Ykdysady kynçylyklar Ukrainanyň 23 milliard dollarlyk daşarky bergisini üzmäge ukybyny hem sorag astynda goýdy.

Şu hepdede Ukrainanyň parlamenti, daşary ýurtly kreditorlar bilen bergileri üzlüşmegiň şertleri geňeşilýärkä, ukrain hökümetiniň olary tölemezligine hukuk berýän kanuny kabul etdi.

Ukrainanyň Orsýete bergisi

Bu hereket Orsýet tarapyndan negatiw reaksiýa döretdi, Ukrainanyň Orsýete üç milliard dollarlyk bergisi bar we ol şu ýylyň aýagyna çenli tölenmeli.

Orsýet Ukrainanyň ähli bergilerini wagtynda üzmegini talap edýär we Kiýewi täze kanuny kabul etmek arkaly munuň öňüne böwet basmakda aýyplaýar.

Ukraina ÝB-niň maliýe goldawyna goşmaça Halkara Walýuta Fondundan 17, 5 milliard dollarlyk karz puluň berilmegine we şonuň bilen öz daşary ýurt walýutasyndaky rezerwlerini güýçlendirmäge umyt baglaýar.

Şeýle-de Riga sammitinde ÝB Ukrainada, Gürjüstanda we Moldowada kiçi we orta biznesi goldamak üçin bu ýurtlara 200 million ýewro möçberinde maliýe kömegini bermegi wada etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG