Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň doglan güni dünýä metbugatynda


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda bellenen doglan güni mynasybetli Türkmenistanda geçirilen çäreler we onuň adyna Aşgabatda açylan seýilgäh baradaky waka dünýäniň dürli ýurtlarynyň metbugat serişdelerinde özboluşly ýaň tapdy.

Fransiýanyň Assosiated Frans Press habar agentligi seýilgäh baradaky materialynda şeýle ýazýar: “Türkmenistanyň ilaty öz prezidentiniň 58 ýaşyny onuň adyna ullakan seýilgäh açyp, gutlady”.

Agzalan habarda ýene-de şeýle sözler bar: “Howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan geçýän şu günlerde ýerli aýdymçylar onuň şanyna aýdym aýtdylar, daşary ýurt diplomatlary, ministrler, hökümet işgärleri we müňlerçe okuwçylar bolsa bu dabara tomaşa etdiler”.

Parkyň göwrümi

Aşgabatda gurlan we “Arkadag” adyny göterýän bu seýilgähiň giňligi 7 gektara barabar bolup, parkyň içinde daşy mermerlenen arka we beýleki desgalar bar, arkanyň ortasynda bolsa Berdimuhamedowyň 50 kwadrat metr ululykdaky ýylgyryp duran portreti asylypdyr.

Berdimuhamedowyň özi bu dabara gatnaşmasa-da, resmi metbugatda milli Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň prezident Berdimuhamedowa ýüzlenip eden çykyşy köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.

Fransiýanyň Assosiated Frans Press habar agentliginiň maglumatyna görä, Akja Nurberdiýewa prezidente şeýle öwgüli sözler bilen ýüzlenipdir: “Siz biziň jan watanymyz Türkmenistany bir ýeňişden beýleki ýeňşe alyp barýarsyňyz, halk öz arkadagyna doly ynanýar we onuň syýasatyny tüýs ýürekden goldaýar”.

Şahsyýet kulty

Berdimuhamedowyň barha güýçlenip barýan şahsyýet kulty, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kulty bilen deňeşdirilýär. Saparmyrat Nyýazow paýtagtda özüniň Güne bakyp aýlanýan, altyn çaýylan heýkelini dikdiripdi we özüne “Türkmenbaşy” diýdirýärdi diýip, Frans Press agentligi öz maglumatyny jemleýär.

Iňlis habar agentligi Reuter öz bu baradaky maglumatyna şeýle girişýär. “Adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan iň repressiw ýurtlardan biri diýlip hasaplanýan Türkmenistanyň ilaty ýurduň prezidentiniň 58 ýaşyny onuň adyna açylan seýilgäh bilen belledi”.

Agzalan maglumatda ýene şeýle diýilýär: “Bu, 2006-njy ýylyň dekabrynda öňki prezident ölensoň, häkimiýet başyna geçen türkmen lideriniň hormatyna bina edilen iň täze sylagdyr. Mundan ozal onuň 6 metr beýiklikdäki altyn çaýylan heýkeli hem dikildi”.

Reuter agentliginiň ýazmagyna görä, “Käri boýunça diş lukmany bolan prezident ata hem sport maşynlaryna bolan gyzyklanmasy bilen bilelikde barha ýaybaňlanyp barýan şahsyýet kulty bilen hem meşhurlyk gazanýar”.

Mermerlenen uly arkanyň we arkanyň ortasynda Berdimuhamedowyň ullakan portreti goýlan parkyň açylyşyna prezident gatnaşmasa-da, bu ýere ýygnanan müňlerçe adamlar “Sag bol arkadag!” diýip, şowhun turuzdylar.

“Ýurduň iň uly problemasy”

Habarda geçen hepde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça ýaýradan hasabatyna salgylanylyp, bu ýurduň iň uly problemasy bendileriň gynalmagy, graždan jemgyýetiniň hereket etmegine ýol berilmezligi, metbugat, söz, dini we ýygnanyşmak hukuklarynyň çäklendirilmegi diýlip nygtalýar.

Assosiated habar agentligi (AP) bolsa prezidentiň adyny göterýän bu seýilgähiň açylyş dabarasyny prezident Berdimuhamedowyň ýurtda barha ýaýbaňlanyp barýan şahsyýet kultunyň bir alamaty hökmünde häsiýetlendirýär.

Şol bir wagtyň özünde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Berdimuhamedowyň doglan gününe iberen gutlagynda onuň Orsýet bilen Türkmenistanyň aragatnaşygynyň ösmeginde uly rol oýnandygy aýdylyp, onuň bitiren hyzmatyna gowy baha berilýär.

Belarusyň prezidenti Aleksander Lukaşenkonyň hem prezident Berdimuhamedowa iberen gutlagynda onuň iki ýurduň aragatnaşygynyň ösüşinde uly rol oýnandygy nygtalýar. Edil şeýle sözler Gyrgyzystanyň we Ermenistanyň prezidentleriniň iberen gutlaglarynda hem aýdylýar.

Türkmen mediasy bolsa 29-njy iýunda tutuş gün diýen ýaly prezident Berdimuhamedowyň 58 ýaşynyň dolmagy mynasybetli geçirilen çärelere bagyşlanan aýdym-saz konsertlerinden, ýygnaklardan suýžetleri görkezdi. Bu gün, ýagny 30-njy iýunda bolsa Türkmen telewideniýesinde şol çäreler gaýtadan görkezilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG