Sepleriň elýeterliligi

Balkanabat suwsuz galdy


Balkanabatda eýýäm iki günden bäri suw ýok.

Balkanabatda eýýäm iki günden bäri suw ýok.

Günbatar Türkmenistandaky Balkanabat şäherinde eýýäm iki günden bäri tutuşlygyna suw üpjünçiligi kesildi.

Balkan welaýatynyň merkezi şäheriniň ýaşaýjylary munuň sebäbini sorap, ýerli wodokanal edarasyna jaň edenlerinde, welaýat merkezini suw bilen üpjün edýän Bereketdäki merkezi suw sorujy nasosyň sandan çykandygyny habar berdiler.

Wodokanalyň hünärmenleri Balkanabat, Çeleken we Türkmenbaşy şäherlerine suwuň barmagyny üpjün edýän – sowet döwründen bäri ulanylyp gelinýän – nasosyň haçan oňaryljakdygy barada takyk maglumat berip bilmediler.

Ilaty 120,000 töweregi diýlip çaklanylýan Balkanabadyň ýaşaýjylary suw üpjünçiligini tizden-tiz gaýtadan ýola goýmak üçin ýerli häkimiýetleriň nähildir bir goşmaça çäre görjekdigi barada hiç hili maglumat alyp bilmändiklerini aýdýarlar.

Wodokanala jaň edip, ‘suw getirýäňizmi?’ diýip soradym. Olar ‘häkimlige ýüzleniň, biz bilmeýäris’ diýdiler. Häkimlige jaň etsem-de, ‘bu wodokanalyň işi, biz bilmeýäris’ diýdiler.

5-nji mikroraýonyň ýaşaýjysy Ilmyrat 40 gradusdan hem aşýan jokrama yssyda öz ýaşaýan etrabyna başga ýollar, şol sanda suw daşaýan ulaglar arkaly suwuň getirilip-getirilmejekdigi bilen gyzyklanyp, welaýatyň degişli edaralaryna ýüz tutandygyny aýdýar.

“Wodokanala jaň edip, ‘suw getirýäňizmi?’ diýip soradym. Olar ‘häkimlige ýüzleniň, biz bilmeýäris’ diýdiler. Häkimlige jaň etsem-de, ‘bu wodokanalyň işi, biz bilmeýäris’ diýdiler. Indi ortarada ilat näme etmeli?” diýip, Ilmyrat öz nägileligini beýan edýär.

Çykalga

Iki günden bäri suwuň berilmezligi we bu ýagdaýda ýerli häkimiýetleriň goşmaça suw üpjünçiligini ýola goýmazlygy netijesinde, adamlar möhüm bolan suwy satyn almaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

13-nji mikroraýonyň ýaşaýjysy Bahar daýza munuň netijesinde özüne maliýe taýdan agram düşýändigini aýdýar: “Bir bäş litrlik suwuň bahasy 5 manat. Hojalyk hajatlary, üç çagamy – biri entek 40 çileden hem çykanok – ýuwup-artmak üçin azyndan 15-20 litr suw gerek bolýar. Günde diňe suw üçin 20 manat bermek, maňa agyr düşýär”.

Ulagy bolan balkanabatlylaryň käbiri şäherden 25-30 km uzaklykdaky Jebeliň ilersindäki howza gidip, şol ýerden ýörite gaplar, sisternalar bilen suw daşaýarlar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Balkanabatda suwuň kadaly berilýän wagtynda-da ol günde dört sagatdan, iki tapgyra bölünip berilýär. Agyz suwy irden sagat 6-8 we giçlik sagat 19-21 aralygynda goýberilýär. Ýaşaýjylar suwuň basyşynyň pes bolanlygy zerarly bu režimli we çäkli goýberilýän suwdan hem doly peýdalanyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtda türkmen häkimiýetleri resmi habar serişdelerinde ilaty “agyz suwy bilen üpjün etmek” bilen baglylykda işleriň alnyp barylýandygyny, suw süýjediji desgalaryň taslamalaryna “garalýandygyny” habar berýärler.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG