Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa reforma geçirjekdigini söz berdi


Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras, 8-nji iýul, 2015.

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras, 8-nji iýul, 2015.

Gresiýa ahyrsoňy 9-njy iýulda öz salgyt sistemasyna we pensiýalara degişli aýgytly reformalary geçirjekdigini söz berdi. Gresiýanyň Ýewropa liderleri tarapyndan uzak wagtlap garaşylan bu çäreleri ýurdy maliýe çökgünliginden çykarmaga gönükdirilýär.

Agzalan plan Ýewropa Bileleşiginiň girdeji salgydyny ýokarlandyrmak, ortaça pensiýa ýaşyny artdyrmak ýaly teklip edýän zerur reformalaryna laýyk gelýär. Gresiýanyň çepçi hökümeti muňa uzak wagtlap garşylyk görkezdi.

Şeýle reformalar Gresiýanyň bergi eglişigini gazanmak we maliýe çökgünliginden çykmak üçin Ýewropa Bileleşigi bilen halas ediji ylalaşygy baglaşmak üçin derwaýys.

“Realistik” plan

Ýewropa liderleri “realistik” diýlip teklip edilýän reformalaryň esasynda özleriniň Gresiýanyň ägirt uly pul bergilerine eglişik etmäge taýýardyklaryny aýdypdylar.

Gresiýanyň plany esasy üýtgeşiklikleriň arasynda Ýewropanyň pensiýa sistemasyny reformirlemek boýunça edýän talabyny kabul edýär. Gresiýanyň graždanlaryna pensiýa, häzirki 60 ýaşa derek dünýäniň köp ýurtlarynda kabul edilen düzgüne laýyklykda, 67 ýaşda çykmak teklip edilýär.

Şeýle-de Gresiýa başda ret eden talaplary, ýagny restoranlardaky, myhmanhanalardaky we beýleki hyzmatlar üçin salgytlary ýokarlandyrmak bilen ylalaşdy.

Galdyryljak salgytlaryň agramly böleginiň Gresiýanyň adalaryna syýahat edýän syýahatçylar tarapyndan tölenmegine garaşylýar. Şeýlelikde syýahatçylyk üçin meşhur adalar salgyt ýeňilliklerini elden bererler.

Bu plan ýük daşaýjy kärhanalar, döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy we Piraeus we Thessaloniki portlary üçin salgytlaryň ýokarlanmagyny göz öňünde tutýar.

Birnäçe aýlap dowam eden çekişmelerden soň premýer-ministr Aleksis Tsipras 9-njy iýulda plany jemlemek üçin wagt möhletini gijä çenli uzaltdy.

Gresiýanyň islegi

Gresiýanyň parlamenti tarapyndan 10-njy iýulda tassyklanmagyna garaşylýan plandaky düýpli reformalaryň ýerine Gresiýa milliardlarça ýewro bergisi boýunça eglişigi we 53.5 milliard ýewro möçberinde goşmaça karz soraýar.

Häkimiýet başyndaky “Syriza” partiýasynyň parlamentdäki metbugat wekiliniň 10-njy iýulda žurnalistlere aýtmagyna görä, kanunçykaryjylar hökümete karz berijiler bilen gepleşik geçirmäge ygtyýar bererler.

Ýewro giňişliginiň maliýe ministrleriniň barlaglaryndan soň Gresiýanyň plany boýunça 12-nji iýulda ses berişligiň geçirilmegine garaşylýar.

Plan premýer-ministr Tsiprasyň çepçi “Syriza” partiýasynyň agzalarynda gahar-gazap döretdi. Olar plany goldamajaga meňzeýärler. Emma kanunçykaryjylar planyň, aýratynam Gresiýanyň

ýewro giňişliginde galmak mümkinçiliginiň konserwatiw oppozision partiýalar tarapyndan goldanýandygyny we bu goldawyň planyň makullanmagy üçin ýeterlikdigini aýdýarlar.

Taraplaryň ählisi Gresiýanyň 300 milliard ýewro möçberdäki bergisini hiç wagt üzüp bilmejegini boýun alýarlar.

XS
SM
MD
LG