Sepleriň elýeterliligi

Türkmen häkimiýetleri gizlinlikde hepdeläp tussag edilen we görnüşinden syýasy sebäpler esasynda aýyplanýan žurnalisti haýal etmän azatlyga goýbermeli diýip, "Hýuman Raýts Wotç" guramasynyň 30-njy iýulda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

35 ýaşlaryndaky Saparmämmet Nepesgulyýewe aklawçy we öz maşgala agzalary bilen duşuşmak mümkinçiligi berilmedi, bu ýagdaý ony uly töwekgellik bilen ýüzbe-ýüz goýýar diýip, HRW ýazýar.

«Saparmämmet Nepesgulyýewiň howsalaly tussaglygy we hiç kime görkezilmän saklanmagy bizi onuň howpsuzlygy we saglygy barada ullakan alada goýýar» diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýdýar.

«Türkmenistan žurnalistleri we hökümet tankytçylaryny tussag etmekde, olara toslama günä ýöňkemekde, tussaglara ýowuz daramakda öňden bäri belli ýurt we şu sebäpden Nepesgulyýew näçe çalt boşadylsa, şonça-da gowy bolar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Nepesgulyýew Azatlyk radiosy we Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri, Niderlandiýada ýerleşýän garaşsyz adam hukuklary guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistandan Alternatiw täzelikleri çap edýän guramanyň direktory Ruslan Mätiýew Nepesgulyýewiň 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» syýahat zolagynda bolup, ol ýerdäki dynç alyş parkyny we beýleki ýerleri surata düşürendigini aýdýar. Ol şol gün telefonda maşgalasyna öýleden soň, sagat 4-lerde öýde boljagyny aýdypdyr. Emma ol ne diýen güni, ne soňra gelipdir. Onsoň maşgala agzalary Saparmämmedi gözläp başlaýar we polisiýa, meýithana çenli ýüz tutýar.

Ahyrynda, 28-nji iýulda onuň tussaglykda, «Awazadan» 30 km çemesi uzaklykdaky Akdaşda saklanýandygy belli bolýar we Saparmämmediň maşgala agzasy bu ýere baryp görýär. Oňa Nepesgulyýewiň tussagda oturandygyny, onuň ýanyndan neşe maddaly dermanyň tapylandygyny we şu esasda sud ediljegini aýýarlar. Emma türme resmisi maşgala agzasyna Nepesgulyýewi görmäge rugsat bermeýär.

HRW guramasy Nepesgulyýewiň birnäçe ýyl öň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkanabada sapara gelende, bir adamlyk pikete çykanyndan soň, zorluk bilen iki hepdeläp ruhy hassahanada saklanandygyny ýazýar.

Nepesgulyýewiň öz pikirini aýtmaga hem-de ol suratlary hala Azatlyk radiosy, hala-da Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasy, ýa-da başga bir neşir arkaly ile ýetirmäge haky bar. Türmä dykmak bilen, hökümet onuň hukugyny bozýar."

Halkara partnýorlary, şol sanda Azatlyk radiosyny maliýeleşdirýän ABŞ hökümeti türkmen hökümetini Nepesgulyýewi haýal etmän azatlyga goýbermäge çagyrmaly diýip, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy aýdýar.

Şeýle-de gurama türkmen hökümetiniň soňky dört ýylda Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistleri we synçylary ýanaýşyna, tussag edişine, zor bilen ruhy hassahanda saklaýşyna ünsi çekýär.

Ozalky basyşlar

Iýun aýynda Azatlyk radiosy bilen 2006-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýän žurnalist Osmanguly Hallyýew ýurduň terrorçylyga garşy göreş toparynyň resmileri tarapyndan soraga çekildi, oňa öz çeşmelerini açdyrjak boldular, şeýle-de ol ýerli resmiler we ýaşulular tarapyndan ýazgaryldy.

2013-nji ýylda polisiýa sosial meseleler barada ýazýan žurnalist Röwşen Ýazmuhamedowy tussa etdi. 2011-nji ýylda türkmen sudy Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewi toslama aýyplamalar esasynda 5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi we ol prezident amnistiýasy bilen azatlyga çykdy.

80 ýaşyndaky garrygalaly aktiwist Amangelen Şapudakow bolsa, 2011-nji ýylyň martynda zor bilen ruhy hassahana salnyp, ol ýerde 43 gün saklandy diýip, HRW ýazýar.

«Türkmenistan dünýäde iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri bolup durýar, metbugat azatlygyna ýol bermeýär» diýip, HRW ýazýar. «Türkmen hökümeti hakykatda ähli çap neşirlerine we elektron media kontrolluk edýär; internet elýeterliligi agyr hökümet kontrollygynda, websaýtlaryň köpüsi, şol sanda daşary ýurt habar serişdeleriniň saýtlary hem petiklengi.»

«Türkmen hökümeti tankyda çydamaýar we hökümet syýasatyny sorag astyna salmaga synanýan adamlary gazaply jezalandyrýar» diýip, Reýçel Denber aýdýar.

«Nepesgulyýewiň düşüren fotosuratlary Türkmenistanda ýönekeý adamlaryň ýeňil bolmadyk güzeranyny we hökümet resmileriniň kaşaň durmuşyny açyp görkezýär. Nepesgulyýewiň öz pikirini aýtmaga hem-de ol suratlary hala Azatlyk radiosy, hala-da Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasy, ýa-da başga bir neşir arkaly ile ýetirmäge haky bar. Türmä dykmak bilen, hökümet onuň hukugyny bozýar» diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG