Sepleriň elýeterliligi

Nepesgulyýew "azat edilmeli"


“Serhetsiz reaportýorlar” guramasynyň emblemasy

“Serhetsiz reaportýorlar” guramasynyň emblemasy

Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýan komitet we düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reaportýorlar” guramasy türkmenistanly žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň tiz boşadylmagyny talap edip, beýanat ýaýratdylar.

Žurnalistleri goraýan komitetiň ýazmagyna görä, Nepesgulyýew toslama aýýplamalar esasynda 7-nji iýuldan bäri Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýerleşýän wagtlaýyn tussaghanalardan birinde saklanýar.

Saparmämmet Nepesgulyýew

Saparmämmet Nepesgulyýew

Žurnalistleri goraýan komitet aýratynam Nepesgulyýewiň Türkmenistan barada habarlar çap edýän “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” (“Alternative Turkmenistan News”) we Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýändigini we onuň tutulyşy baradaky habaryň Nepesgulyýewiň maşgalasy tarapyndan “Türkmenistanyň alternatiw täzeliklerine” berlendigini ýazýar.

Nepesgulyýew barada beýanat bilen çykyş eden günbatar guramalary onuň bilen iň soňky gezek 7-nji iýulda habarlaşylandygyny, onuň “Awaza” turistik zonasyndan Balkanabada gaýtmak üçin wokzala baranda tutulandygyny habar berýärler.

Žurnalistleri goraýan komitet, “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşiriniň ýolbaşçysy Ruslan Mätiýewe salgylanyp çap eden habarynda, howpsuzlyk güýçleri Nepesgulyýewde neşe maddaly derman tapylandygyny aýdyp, tutupdyrlar, eger ol bu aýyplama bilen türmä basylsa, onuň 20 ýyl azatlykdan mahrum edilmegi mümkin diýip ýazýar.

Žurnalist Saparmämmedowyň tussag edilmegi bizi uly alada goýýar diýip, düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz raportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Bir bu edara tarapyndan ýaýradylan beýanatda belleýär.

Jenap Bir öz pikirini ýene şeýle dowam etdirýär.

“Türkmen hökümetiniň garaşsyz žurnalistlere çemeleşişi göz öňünde tutulyp aýdylanda, Nepesgulyýewiň tutulmagynyň onuň žurnalistiki işi bilen baglanşyklydygyny aýtmaga doly esas bar. Biz türkmen resmilerini Nepesgulyýew bilen baglanyşykly ýagdaýa anyklyk girizip, ony derhal boşatmagyny talap edýäris” diýip, “Serhetsiz raportýorlar” guramasynyň wekili Ýohan Bhir nygtaýar.

Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän žurnalistleri goraýan komitetiň beýanatynda agzalýan edaranyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Nina Ogniýanowa hem Nepesgulyýew barada türkmen hökümetine ýüzlenip, şeýle diýýär: “Korrupsiýa ýaly ýagdaýlar hakda maglumat berýän žurnalistleri tussag etmegiň deregine, Türkmen ýolbaşçylary şol raportlarda gozgalýan problemalary çözmäge synanyşmaly. Biz türkmen hökümetini Nepesgulyýewe garşy ýöňkelýän aýyplamalaryny ýatyryp, ony derhal boşatmagyny talap edýäris”.

Mundan ozal Düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasy hem Nepesgulyýew barada ýaýradan 30-njy iýuldaky beýanatynda oňa garşy ýöňkelýän aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdyp, žurnalistiň derhal boşadylmagyny talap etdi.

“Serhetsiz raportýorlar” guramasy Türkmenistanda media azatlygy diýen zadyň asla ýokdugyny, guramanyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk indeksinde Türkmenistanyň 180 ýurduň arasynda iň yzdan ikinji orunda durýandygyny habar berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG