Sepleriň elýeterliligi

Kiýew Türkmenistanyň uçarlaryny gadagan etdi


“Türkmenhowaýollarynyň” uçary

“Türkmenhowaýollarynyň” uçary

Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugy Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” milli awiakompaniýasyna 16-njy awgustdan başlap Kiýew-Aşgabat aralygynda uçuşlary amala aşyrmagy gadagan etdi.

Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugynyň resmi maglumatyna görä, Ukrainanyň we Türkmenistanyň ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň 2015-nji ýylyň 27-nji maýynda Aşgabatda geçiren dördünji maslahatynda protokola gol çekilip, taraplar iki ýurduň arasynda yzygiderli howa gatnawynyň bolmagyna gyzyklanma bildiripdiler. Netijede iki tarapyň howa kompaniýalaryna Kiýew bilen Aşgabat aralygynda yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmak teklip edilipdi. Muňa garamazdan, türkmen tarapy häzirki wagtda ukrain tarapynyň teklip eden “Ukrain halkara liniýalary” (MAU) atly kompaniýasyna Kiýew-Aşgabat aralygynda uçuşlary amala aşyrmagy rugsat bermändir.

Şeýle-de maglumatda “Türkmenhowaýollarynyň” ukrain tarapyndan ähli zerur rugsatnamalary wagtynda alyp, öz Ukraina bilen aradaky uçuşlaryny päsgelsiz dikeldendigi aýdylýar.

“Türkmenhowaýollarynyň” uçuşlary

Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugynda “Türkmenhowaýollarynyň” häzirki wagtda amala aşyrýan uçuşlaryny 16-njy awgusta çenli dowam etdirmäge rugsat berlendigini Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

“Türkmenhowaýollary” öz resmi websaýtynda Aşgabat-Kiýew-Aşgabat aralygyndaky regulýar reýsleriň 2015-nji ýylyň 6-njy maýyndan dikeldilendigini ýolagçylaryň dykgatyna ýetirdi. Uçuşlaryň hepdede iki gezek - bäşinji we ýedinji günler amala aşyrylýandygy websaýtda habar berilýär.

Ukrainanyň Döwlet awiasiýa gullugynyň resmi maglumatynda şeýle diýilýär: türkmen awiakompaniýasynyň Kiýew-Aşgabat howa liniýasyndan birtaraplaýyn tertipde peýdalanmagy Ukrainanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda howa aragatnaşygy barada 1993-nji ýylyň 25-nji fewralynda baglaşylan ylalaşygyň 11-nji maddasynyň 1-nji punktuna ters gelýär. Şu sebäpden Döwlet howa gullugy gözegçilik çärelerini görmäge we ylalaşygyň 5-nji maddasynyň 1-nji punktuna laýyklykda, öz hukugyndan peýdalanmaga hem 16-njy awgustdan “Türkmenhowaýollarynyň” Kiýew-Aşgabat marşruty boýunça uçuşlaryna rugsady ýatyrmaga mejbur.

Şol bir wagtda-da kompaniýa konfliktiň çözülmegine we kompaniýalaryň iki ýurduň arasynda öz uçuşlaryny amala aşyrmagyna mümkinçilik döredilmegine umyt baglaýar.

Ukrainanyň reýsleri

“Ukrainanyň halkara liniýalarynyň” uçarlary

“Ukrainanyň halkara liniýalarynyň” uçarlary

“Ukrainanyň halkara liniýalarynyň” (MAU) gözegçilik geňeşiniň başlygy Aron Maýbergiň öz feýsbuk sahypasynda ýazmagyna görä, türkmen awiakompaniýasy Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda 2008-nji ýyldan bäri birtaraply uçar gatnawyny amala aşyrýar, şol bir wagtda türkmen häkimiýetleri ukrain awiakompaniýalaryna Türkmenistana uçar gatnatmak rugsadyny bermeýär diýip, “Interfaks-Ukraina” 6-njy awgustda habar berdi.

“Ukrainanyň halkara howa liniýalary” Kiýewden Aşgabada göni uçar gatnawyny açýandygyny awgustyň başynda yglan etdi. Kompaniýanyň resmi websaýtynda iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda uçuşlaryň 2015-nji ýylyň 21-nji sentýabryndan başlap, hepdede iki gezek amala aşyryljakdygy we uçar biletleriniň eýýäm satylýandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG