Sepleriň elýeterliligi

Mary: Wokzal görgüleri


​​Wokzalyň ýapylmagy ilata hem belli bir derejede öz täsirini ýetirdi.

​​Wokzalyň ýapylmagy ilata hem belli bir derejede öz täsirini ýetirdi.

Mary şäheriniň wokzalynyň ýapylanyna eýýam üç aýdan gowrak wagt boldy. Ol ýerde häzir remont-bejeriş işleri dowam edýär. Häzirki wagtda wokzalyň daşy kerpiç böleklerinden we alnyp gidilmek üçin üýşürilip goýlan gurluşyk hapalaryndan doly. Bu ýeriniň girelgesinde gurluşykçylardan başgalara girmegiň gadagandygyny gökezýän ak-gyzyl reňkdäki howpsuzlyk lentalary hem çekilipdir.

Wokzalyň öňündäki zir-zibil

Wokzalyň öňündäki zir-zibil

Wokzalyň remont işleri üçin ýapylmagy ilata hem belli bir derejede öz täsirini ýetirdi. Hususan-da tomus aýlary, adatça ýolagçylaryň köpelýän wagty wokzalyň duýdansyz ýapylmagy bir topar oňaýsyzlyk döretdi.

Adamlar şol wagtlar öz münjek otlusyna wokzalyň perronundaky oturguçlarda oturup garaşmaly bolýardylar. Gije sagat 22:00-den soňra – otlularyň ýygy gelýän wagtlary – bolsa adamlaryň üýşýän wagty, daşarda oturgyçlar azlyk edýärdi. Adamlar öz münjek otlusy gelýänçä betonuň üstünde oturyp ýa bolmasa aşagyna bir zatlar ýazyp, ýatyp garaşýardylar.

Bilet nobatlary

Bilet nobatlary

Adamlar esasy kynçylygyň wokzaldaky bilet satuwynyň has hem kynlaşmagy bilen baglydygyny aýdýarlar. Gurluşugy gidýän wokzalyň gapdalyndan, kiçi äpişgeden açylan, daş-töweregi ösüp duran baglar bilen gurşalan ýerdäki bilet satylýan kassalaryň öňünde adamlaryň uly dyknyşygy emele gelýärdi.

Bu kyn ýagdaýlardan soň, ýerli administrasiýa häzir bilet kassalaryny we garaşylýan otaglary wokzalyň gapdalynda ýerleşýän Mary awtoterminalynyň binasyna geçirdi. Ol ýeriniň içi giň hem bolsa, häzirki wagtda bilet nobatlarynda emele gelýän dykynlar öňküligine galýar.

Wokzalyň remont işlerinde işleýän işgärleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, häzirki wagtda olar abatlaýyş işleri bilen bir hatarda, käbir düýpli abatlaýyş işlerini hem geçirýärler.

Ýerli administrasiýadan wokzalyň remont işleriniň ýene-de näçe wagt dowam etjekdigi, ýagny ýolagçylaryň kösençlikleriniň haçan soňlanjagy barada hiç hili maglumat almak başartmady.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG