Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärizow: Arassa tohumly at ýetişdirjege ýol ýok


Türkmenistan, Ahal-teke atlary
Türkmenistan, Ahal-teke atlary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji dekabrda Ahal welaýatyna iş saparyny edip, Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda 600 at saklamak üçin gurulýan atçylyk toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Bu toplumyň gapdalyndan 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdebiň, çagalar bagynyň, dükanyň, sport desgasynyň hem guruljakdygy aýdylýar.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, täze salnan ýaşaýyş jaýlary tejribeli atşynaslara, seýislere berler.

Täze toplumyň wezipesi, resmi habarda aýdylmagyna görä, atçylygy mundan aňryk hem ösdürmekden, arassa ganly atlaryň sanyny köpeltmekden, olaryň öndürilişini we tohumynyň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat.

Şol bir wagtda Türkmenistanda arassa tohumly ahal-teke atlaryny ýetişdirmek işinde, bu iş bilen meşgullanýan adamlaryň arassa gazanç edip, maşgala eklemeginde bir topar kynçylygyň bardygy aýdylýar.

Geldi Kärizow
Geldi Kärizow

Azatlyk radiosy bu meseleler bilen gyzyklanyp, belli atşynas, ozal bir zaman «Türkmen atlary» döwlet birleşigine başlyk bolan Geldi Kärizow bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:31 0:00

XS
SM
MD
LG