Sepleriň elýeterliligi

Köne pasportly we wizasyz ene, zähmet migranty doganlyk ýurtda guran maşgalasyndan - adamsyndan we çagasyndan aýrylyp, Türkiýeden Türkmenistana – dogduk watanyna iberilmeli edildi.

Türkmenistanly zähmet migrantynyň gyzjagazy Rüýa «Haýyş edýärin, ejemi menden aýyrmaň» diýip, özüne we maşgalasyna goldaw toplamak üçin, change.org atly sahypada ýörite kampaniýa başlady.

Türkiýäniň degişli ýolbaşçylaryna, şol sanda prezidentine ýüzlenen türkmen gyzjagazy Rüýa we onuň türkmenistanly ejesi bu arkaly näme gazanmak isleýär?

Gol ýygnama kampaniýasy häzir nähili barýar? Türkiýede şeýle ýagdaýda ýaşaýan beýleki türkmen maşgalalary bu kampaniýa barada nähili pikir edýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Rüýa we onuň ejesiniň ýagdaýyndaky beýleki türkmenistanlylaryň kynçylyklaryna bagyşlady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG