Sepleriň elýeterliligi

Kanun: Temmäkini sowgat bermek gadagan


Çilim satyn aljak bolýan ýaşaýjylar.

Çilim satyn aljak bolýan ýaşaýjylar.

Türkmenistanda “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” kanun kabul edildi we bu kanunyň esasy maksadynyň ýurduň şu günki we geljekki nesilleriniň ömrüni we saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramakdan ybaratdygy aýdylýar.

2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen bu kanun temmäki önümleriniň Türkmenistana getirilen, ýerlenilen hem-de ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Kanunyň 25-nji maddasynyň 2-nji bölümine laýyklykda, temmäki önümleriniň ilatyň arasynda mugtuna, şol sanda sowgat görnüşinde hem ýaýradylmagy gadagan edilýär.

Çäklendirmeler

Kanunda temmäki önümleriniň reklamasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň çäginde temmäki önümleriniň islendik görnüşde we islendik keşpde köpçülikleýin habar serişdelerinde, şeýle hem söwda ýerlerinde mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär.

Şeýle-de bu kanunda, tele we wideo filmleri goşmak bilen, täze döredilen audio wizual eserlerde, teatr-tomaşa oýunlarynda, tele, wideo we kino gepleşiklerinde temmäki önümleriniň we onuň ulanylmagynyň görkezilmegine, şeýle hem temmäki önümleriniň we onuň ulanylmagynyň görkezilmegi bilen, olaryň köpçülikleýin ýerine ýetirilmegine, radio alyp eşitdirişiň gepleşiklerinde wagyz edilmegine ýol berilmeýär.

Kanunyň 23-nji maddasynyň 1-nji bölümine görä bolsa Тürkmenistana getirilýän temmäki önümleriniň, olaryň lomaý we bölek söwdasy amala aşyrylan mahalynda hasaba alynmagy hem hökmanydyr.

Lukmançylyk kömegi

Kanunda temmäki önümlerini döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň jaýlarynda, kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, harby bölümlerde we birikmelerinde, söwda binalarynda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, durmuş hyzmatlary edaralarynda, myhmanhanalarda; medeniýet we bilim edaralarynyň çäklerinde we jaýlarynda, bedenterbiýe we sport, saglygy goraýyş we şypahana toplumlarynyň binalarynda; seýilgählerde we skwerlerde, ýerasty geçelgelerde, plýažlaryň bolan çäkleriniň serhetlerinde we raýatlaryň köpçülikleýin barýan beýleki ýerlerinde çekmek gadagan edilýär.

Gürrüňi gidýän kanunyň 27-nji maddasynda temmäki önümlerini ulanmakdan we olary ulanmagyň netijelerinden bejerilmäge mätäçlik çekýän şahslara lukmançylyk kömeginiň berilmegi ýaly düzgünler hem göz öňüne tutulypdyr.

Kanunda onuň bozulmagyna jogapkär şahslaryň ýurduň kanunçylygyna görä jogapkärçilige çekiljekdigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG