Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanly öz aýalynyň burnuny kesdi


Owganystanly öz aýalynyň burnuny kesdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Owganystanly öz aýalynyň burnuny kesdi

Owganystanda bir adamynyň öz aýalynyň burnuny kesmegi uruşdan ýaňa dargan bu ýurtda öýde, ýagny maşgalanyň öz içinde bolýan zorluklaryň täze bir gözilginç mysaly diýip, häkimiýetler aýdýarlar.

Bu waka 17-nji ýanwarda Farýab welaýatynyň Gormaç etrabynyň merkezden uzakdaky bir obasynda boldy.

Farýab welaýatynyň polisiýa başlygy Said Aga Andrabi Azatlyk Radiosyna pida çekeniň 20 ýaşly Reza Güldügini aýtdy.

Häkimiň metbugat wekili Ahmad Jawed Bedaryň aýtmagyna görä, onuň burnuny öz adamsy 25 ýaşly Mohammad Han çakgy bilen kesipdir.

Wakanyň üstünden bir gün geçip, köp gan gidensoň, Reza Güli welaýat merkezi bolan Maýmanadaky ýerli keselhana eltilipdir.

Şerigat kanunyna laýyklykda garalar”

Ol keselhanda ýatan ýerinden media beren interwýusynda adamsynyň ilki iki elini daňandygyny, soň hem burnuny kesendigini aýtdy.

Maýyp edilen Gülüň suratlary internetde gahar-gazap döredip, adamlar sütemkäriň eden bu işini wagşyçylyk diýip atlandyryp, onuň jezalandyrylmagyny talap edýärler.

Bu süteme nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl, ýöne ýerli resmiler Gülüň adamsy tarapyndan ozal hem birnäçe gezek zorluga sezewar edilendigini aýdýarlar. Bäş ýyl mundan ozal durmuşa çykan bu ýaş zenanyň bir ýaşyndaky çagasy bar.

Bedar howpsuzlyk güýçleriniň, şol sanda aňtaw gullugy bilen polisiýanyň-da Hany agtaryp ýörendigini aýtdy. Han bu wakadan soň obadan gaçyp gidipdir.

Wakanyň ýüz beren etrabyna kontrollyk edýän "Talyban" güýçleri-de Hany gözleýändiklerini aýtdylar. “Talybanyň” sözçüsi Zabiullah Mujahid, eger Han tapylsa, onuň işine "şerigat kanunyna laýlyklykda" garaljakdygyny aýtdy. Ýöne ol munuň nämäni aňladýandygyny takyklamady.

Sütem ýazgaryldy

Türkmenistan bilen serhetdeş Farýab welaýaty Owganystanyň iň garyp regionlarynyň biridir. Ilatyň köpüsi döwlet tarapyndan berilýän azyk bilen güzeran aýlaýar.

Maýmanadaky Owgan-Türk keselhanasynyň direktory Fawzia Salimi keselhananyň Güli bejergi üçin Türkiýä ibermäge synanyşýandygyny aýtdy.

Owganystanyň käbir regionlarynda, adatça, biriniň burnuny kesmek - öz maşgalasyna ýa tire-taýpasyna ysnat getirenlere berilýän jeza hasaplanýar.

Owganystanyň garaşsyz Adam hukuklary komissiýasy bu sütemi ýazgaryp, ony "masgaraçylyk" diýip atlandyrdy, häkimiýetlerden bu işi edeniň suduň öňünde dikilmegini talap etdi.

Onlarça ýyllap uruşdan ejir çeken Owganystanda aýallaryň hukuklary köplenç äsgermezlik edilýar.

2010-njy ýylda "Time" žurnaly owganystanly aýal Aişa Mohammadzaýyň burunsyz suratyny çap edensoň, bu zenanyň başyna gelen waka halkara derejesinde gahar-gazap döretdi.

18 ýaşyndaka adamsy tarapyndan maýyp edilen Mohammazaý soňra Amerikada bejergi alyp, oňa protez burun oturdyldy.

Öten ýylyň mart aýynda 27 ýaşly Farhunda Malikzada, Gurhan ýakdy diýlip nähak aýyplanyp, Kabulyň merkezide ýenjilip öldürildi. Onuň jesedi ýakylyp, derýa taşlandy.

Bu zenanyň öldürilmegi Owganystanda gazaply protestlere getirip, owgan aýallarynyň çekýän zulum-sütemi halkara derejesinde üns merkezine düşdi.

Öten noýabrda hem merkezi welaýat bolan Gorda bir gelin zynada aýyplanyp, daşlanyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG