Sepleriň elýeterliligi

Propiska düzgüni kanunda düzüwmi?


Aşgabadyň köçesi

Aşgabadyň köçesi

Aşgabatda ýaşamak we zähmet çekmek üçin talap edilýän propiska ýagny resmi hasaba durmak düzgüni welaýat ýaşaýjylarynyň ýurduň paýtagtynda ýaşamagyna, işlemegine päsgel berýär. Eýsem, bu propiska düzgüni haýsy kanun esasynda ýöredilýär?

Azatlyk Radiosy türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, Türkmenistanda graždanlaryň, raýatlaryň ýaşamak we işlemek üçin ýer saýlamak hukuklary we mümkinçilikleri haýsy kanunlara görä düzgünleşdirilýär?

Ýewgeniý Greçuhin: Türkmenistanyň graždanlarynyň öz ýurdunda erkin hereket etmek hukugy Türkmenistanyň konstitusiýasyna görä düzgünleşdirilýär we ol hukuklara Türkmenistanyň goşulan halkara ylalaşyklary hem kepil geçýär. Şeýle-de raýatyň bu hukugy Türkmenistanyň migrasiýa baradaky kanunynda hem görkezilýär.

Azatlyk Radiosy: Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşamak we işlemek üçin ýurduň graždanlaryndan propiska, ýagny oturym ýazgysy talap edilýär. Edil şu düzgüne nähili resmi esas bar?

Ýewgeniý Greçuhin: Bu ýerde şeýle mesele bar. Men Türkmenistanyň Migrasiýa baradaky kanunyny agzadym. Bu kanunda ýurduň raýatynda propiskanyň ýa-da belli bir ýaşaýan ýeriniň ýazgysynyň bolmazlygy onuň öz haklaryndan, şol sanda zähmet çekmek hukugyndan peýdalanmagyna hiç hili täsir etmeýändigi anyk aýdylýar. Üstesine, propiska baradaky resmi düzgüni, şol sanda prezidentiň goly goýlan resmi permany men hiç wagtda görmedim.

Emma propiskany talap etmek düzgüniniň türkmen hökümetiniň permany esasynda tassyklanan instruksiýalara görä ýöredilýändigi dilden aýdylýar. Bu instruksiýany meniň özüm görmedim. Şeýle-de adamy propiska etmekden ýüz öwürýän häkimiýetleriň öz hereketini düşündirip, şeýle instruksiýa salgylanyp ýazmaça resmi jogap berenine-de men duş gelmedim.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, Türkmenistanyň raýatynyň Aşgabatda propiskasy ýok diýlip paýtagtda işe alynmazlygyny bikanun diýip atlandyryp bolarmy?

Ýewgeniý Greçuhin: Türkmenistanyň goşulan halkara kanunlarynyň nukdaýnazaryndan, ýurduň raýatynyň erkin hereket etmäge, öz islegine görä ýaşamak we işlemek üçin ýer saýlamaga doly hukugy bar. Aslyýetinde propiska meselesi sowet döwründe döräpdi. Umuman, şu günki gün propiska düzgüni Orsýetden we öňki sowet ýurtlarynyň ýene käbirlerinden başga ýerde göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň raýaty Aşgabatda propiskasy bolmanlygy sebäpli paýtagtda işe alynmasa, näme etmeli?

Ýewgeniý Greçuhin: Ähli meseleler boýunça suda ýüz tutmaly. Emma raýat öz suda beren arzasynyň ýany bilen özüni propiska etmekden, ýaşamagyna rugsat bermekden ýa-da işe almakdan boýun gaçyran tarapyň ýazmaça ret etmesini hem görkezmeli. Köp halatlarda muny etmek kyn bolýar. Şonuň üçin raýatlar, mümkin boldugyndan, bar ýüzlenmelerini hat üsti bilen etmäge çalyşmaly we öz ýüzlenmesiniň resmi hasaba alynmagyny talap etmeli. Bir aýdan soň özüne resmi jogabyň berilmedik halatynda raýatyň suda ýüz tutmaga kanuny haky bar. Bu meselede, islendik edara ýüzlenilende-de, poçta arkaly güwanamaly hat ibermek, ýagny il arasynda aýdylyşy ýaly ”zakaznoý” hat ýollamak iň amatly usuldyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG