Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Kemsidilen’ welaýatlylar


Aşgabatda zähmet çekýän türkmenistanly
Aşgabatda zähmet çekýän türkmenistanly

Soňky döwürde Aşgabada ýurduň beýleki künjeklerinden işlemäne we, umuman, paýtagta gelýän welaýatlylara garşy resmi derejede her dürli çäklendirmeleriň girizilip başlanandygy barada barha köp maglumatlar gelip gowuşýar.

Ulaglar

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň aýagynda, ýagny Bitaraplyk baýramyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Aşgabada welaýat belgili ulaglaryň girmegi gadagan edilipdi. Şonda munuň baýramçylyga görülýän taýýarlyklaryň çägindäki wagtlaýyn howpsuzlyk çäreleri bolandygy, Täze ýyl baýramyndan soň bu gadagançylygyň aýryljakdygy aýdylan bolsa-da, welaýat belgili ulaglaryň paýtagta gelmegine garşy girizilen gadagançylyk häzirki güne çenli hem saklanyp galýar.

Welaýat belgili ulaglar şähere girmezden ozal polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanýar we ulag eýelerine garşy administratiw çäre görülýär.

Kireýine jaý almak

Fewral aýynyň başynda, prezident G.Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlarynyň kireýine ulanmaga berilmegini we alynmagyny gözegçilik astyna almaga çagyryp, mundan beýläk jaýlary kärendesine alýanlaryň şol salgy, adres boýunça wagtlaýyn ýazga durmagyny talap etdi.

Prezidentiň ýokarky görkezmesiniň yzy bilen Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna bu täze düzgüniň öz durmuşyna gönümel täsir ýetirendigini aýdýan ildeşimizden şeýle mazmunly bir hat geldi: “Prezident Aşgabatda, resmi derejede şertnama baglaşyp, jaýy kireýine alyp bolýandygyny aýtdy. Meniň özüm balkanly. Aşgabatda işleýärin. Ýöne häkimlige ýüz tutsaň ne rugsat, ne-de jaý arendasy üçin şertnama berýär. Uçastkowoý, häkimligiň we domuprawleniýäniň işgärleri öýme-öý aýlanyp, şertnamasyz ýaşap ýören welaýatlylary çykarýarlar. Lebaply dostumy maşgalasy bilen ýaşap oturan jaýyndan çykardylar. Häkimlige ýüz tutsaňam, ‘ýok bolanok, buýruk ýok’ diýýärler... Aşgabatda şu wagt näçe adamyň kösenýändigini bir bilsediňiz. Biz özümizi ikinji derejeli adam hökmünde duýýarys”.

Özüni Serdar diýip tanadan ildeşimiziň hatyndaky maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Iş üçin rugsatnama

Şeýle-de fewral aýynyň ortalaryna, has dogrusy 13-ne Internetde prezidentiň “Aşgabat şäherine zähmet işini amala aşyrmaga gelýän şahsy taraplary hasaba almagyň meseleleri hakyndaky” karary peýda boldy.

Garaşsyz aklawçylar tarapyndan “ýurduň Konstitusiýasyna çapraz gelýär” diýlip häsiýetlendirilen bu täze düzgüne laýyklykda, “Aşgabat şäherine zähmet çekmäge gelýän, Aşgabat şäherinde ýazga ýa-da bellige alynmadyk Türkmenistanyň raýatlaryny... Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Aşgabat şäherinde zähmet işini amala aşyrmaga iş rugsatnamasy resmileşdirilenden soňra işe kabul etmäge (özbaşdak iş bilen meşgullanmaga) rugsat bermeli”.

Aşgabatlylar

“Türkmensitandan alternatiw habarlar” neşiri prezidentiň ýokarda agzalan karary bilen kabul edilen “Aşgabat şäherinde zähmet işini amala aşyrmaga gelýän şahsy taraplary hasaba almagyň Tertibini” hem çap etdi.

Onda, hususan-da, “Iş rugsatnamalary resmileşdirilende Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň boş iş orunlaryny eýelemäge artykmaç hukukgy baradaky ýörelge berjaý edilmelidir” we “Işberiji: boş iş orunlaryna işe kabul etmek üçin Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryndan dalaşgärleri gözlemäge borçludyr” diýilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, mundan soň Aşgabatdaky kärhanalarda işleýän, ýazgysy bolmadyk welaýatly türkmenistanlylar işden kowlup başlanypdyr.

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň berýän maglumatlaryna görä, Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk proýetklerinde işlän köpsanly welaýatlylaryň paýtagtdan çykarylmagy netijesinde, gurluşyk proýektleriniň ençemesiniň işi togtadylypdyr.

Aşgabatda ýazgysy bolmadyk Türkmenistanyň beýleki graždanlaryna garşy girizilýän çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň sebäpleri barada ilat köpçüligine hiç hili maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.

XS
SM
MD
LG