Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Zenanlara sürüjilik şahadatnamasy berilmeýär'


Ulaga münýän zenanlar.
Ulaga münýän zenanlar.

Dünýäniň ençeme ýurdunda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 8-nji martda “Halkara zenanlar güni” bellenilip geçildi. Bu sene mynasybetli prezident G.Berdimuhamedowyň adyndan türkmen zenanlaryna 40 manat möçberinde pul sowgady hem gowşuryldy.

Resmi metbugatda soňky ýyllarda türkmen zenanlarynyň aladasyna aýratyn üns berilýändigi wagtal-wagtal habar berilýär. Emma şol bir wagtyň özünde käbir türkmen zenanlary sürüjilik şahadatnamasyny almak ýaly käbir meselelerde bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýarlar.

Daşoguz welaýatyndan özüni Ogulşat diýip tanyşdyran 38 ýaşyndaky telekeçi zenan sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin eýýäm alty gezek synaga girendigini belleýär. Ol öz başdan geçirenleri barada Türkmenistandaky habarçymyz Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:32 0:00

XS
SM
MD
LG