Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çyraçy derdinden çagalara ýatuw ýok


Aşgabat, ýoldan geçjek bolýan arabaly adam
Aşgabat, ýoldan geçjek bolýan arabaly adam

“Meniň ýaş çagalarym bar, olar köçede batly aýtdyrylýan aýdym seslerinden tisginip turýarlar. Soňundan dyndyryp ýatyrdym diýseň, sähel wagt geçmänkä, ýene [goh-galmagal] başlanýar, gijäniň ýarynda köçämizde ala-gykylyk turýar”.

Bu sözler Aşgabadyň ”Hitrowka” etrabynyň ýaşaýjysy, 30 ýaşlaryndaky Mergeniň öz köçelerindäki gijeki ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinden.

Mergen ýurtda çyraçylar diýlip tanalýan we gijäniň içinde iň bir biwagt çak köçelerde maşyn ýaryşlaryny geçirýän ýaşlaryň edýän işinden söz açýar.

Onuň aýtmagyna görä, soňky döwürde ”Hitrowka” şeýle ýaryşlaryň ýygy-ýygydan geçirilýän ýerine öwrülipdir.

Çyraçy diýlip atlandyrylýan şol sürüjiler, köne maşynlaryny bezemek ýa bolmasa köçelerde maşynyň signalyny gaty düýdüldedip, ulagyň ýiti çyralaryny ýakyp sürmek ýaly endikleri bilen meşhur. Çyraçylaryň sözi bilen aýdylanda, maşyny bat bilen sürüp, ýolda yz ýasamak , hamana, olaryň sürüjilik ukybyny görkezýärmiş.

Bu ýagdaý , dogrusy, türkmen ýaşlarynyň arasynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda belli trende öwrüldi. Şeýle ýaryşlar ozallar Aşgabadyň dürli köçelerinde geçirilýän bolsa, olara garşy girizilen dürli çäklendirmeler ol ýaryşlaryň şäheriň gyrak-çetlerinde görer gözden biraz üzňeräk ýerlerde geçirilip başlanmagyna getirdi.

Çyraçylaryň gijeki durmuş aktiwligi gijäniň ýarynda, ýagny sagat 12 töwerekleri başlanyp, tä daňdana çenli dowam edýär. Olara soňky wagtlarda ymgyr gijelerine, esasanam, Aşgabadyň ”Hitrowka” diýlip tanalýan etrapçasynyň köçelerinde köp gabat gelse bolýar.

”Hitrowkalylaryň” aýtmaklaryna görä, bu hili sürüjileriň ”Hitrowkany” saýlamaklary hem ýöne ýerden däl. ”Hitrowkanyň” bir gyrasy şäheriň çetine baryp direýär, onsoň bu ýerde gijesine köçelerde gatnaw hem maşyn sany az.

Beýle ýagdaý bolsa çyraçy sürüjileriň öz şübheli ”ussatlyklaryny” görkezmegine gowy mümkinçilik berýär.

Il arasynda olara bolan gözgaraýyşlar hem her hili. Käbirleri olaryň hereketlerine tomaşa edip lezzet alýandyklaryny aýtsalar, käbir adamlar olaryň gijelerine ýatman, maşyn sürüp, goh turzup, adamlary nähak bimaza edýänliginden nägile bolýarlar.

Çyraçylaryň bäsleşigi, adatça, gijäniň ýarymyndan soňra gyzyşýar. Ýaryşyň gyzgalaňly wagty diňe maşynlaryň sesi däl, maşynlardan ses gataldyjylar arkaly göýberilýän aýdym-sazlaryň sesi hem şol köçäniň ýaşaýjylaryny diýseň biynjalyk edýär.

“Heý, bularyň bolup ýörüşlerine bir sered-ä! Özlerini tokaýda ýaşaýandyryn öýdýärlermikä? Bularyň ene-atalary nirä seredýärkäler?! – diýip, özüni Orazmyrat diýip tanadan ”hitrowkaly” 50 ýaşlaryndaky ildeşimiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

”Hitrowkada” çyraçylaryň barha köpelip başlamagy soňky döwürde ýurduň howpsuzlyk güýçlerini hem herekete geçmäge mejbur edene meňzeýär.

Etrabyň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, polisiýa güýçleri wagtal-wagtal çyraçylara garşy çäre görýärler, hatda birnäçe gezek olaryň maşynlary konfiskasiýa edilip, ellerinden hem alnypdyr.

Emma bu çärelere garamazdan, çyraçylar trendi ýurtda, esasanam, paýtagt Aşgabatda ýaşlaryň arasynda dowam edýär.

XS
SM
MD
LG