Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda mejbury zähmet esasynda öndürilýändigi aýdylýan pagtanyň we pagta önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagynyň garşysyna resmi şikaýat arzasy ýazyldy.

Alternatiw Türkmenistan täzelikleri we Halkara zähmet hukuklary forumy (ILRF), Pagta kampaniýasy boýunça hyzmatdaşlar, 6-njy aprelde Türkmenistandan ählisi mejbury zähmet netijesinde öndürilýän pagtadan edilýän harytlaryň import edilmegine garşy resmi şikaýat etdi.

1930-njy ýylyň golaýda üýtgedilen Tarif kanunyna laýyklykda, ABŞ-nyň Gümrük gullugy, düzüminde mejbury zähmet netijesinde öndürilen materiallar bolan ýagdaýynda, Birleşen Ştatlaryň portlaryna gelen harytlaryň ýurda goýberilmeginiň öňüni almaly.

Türkmenistan dünýäde pagta eksport etmek boýunça ýedinji orunda durýar we türkmen hökümeti pagta öndürmek üçin mejbury zähmeti ulanýar diýip, Waşingtondan ýaýradylan habarda aýdylýar.

«Türkmen hökümeti ýylda daýhanlary pagta öndürmek boýunça berlen planlary doldurmaga mejbur edýär we müňlerçe raýaty, temmi berilmek howpy astynda, pagta ýygmaga sürýär» diýip, Alternatiw Türkmenistan täzelikleri bilen Halkara zähmet hukuklary forumynyň resmi şikaýatynda aýdylýar.

Şeýle-de, şikaýatda aýdylmagyna görä, hökümetiň mejbury zähmeti ulanmagy türkmen raýatlarynyň esasy hukuklaryny, milli we halkara kanunlary bozýar, korrupsiýa giň ýol açýar.

Iki guramanyň resmi şikaýatynda türkmen hökümetiniň ýüzlerçe adamyň mejbury ýitirim bolmagynda hem jogapkärdigi, ýygnanyşmak, hereket, söz we din azatlyklaryny inkär edýändigi, şeýle-de BMG-niň Adam hukuklary guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekden boýun gaçyrýandygy hem bellenilýär.

Alternatiw Türkmenistan täzelikleri guramasynyň direktory Ruslan Mätiýewiň sözlerine görä, Türkmenistanyň pagta pudagy, döwlet ýolbaşçylygynda we senagat gerimli bolansoň, has-da heläkçilikli we her ýyl müňlerçe türkmen raýatynyň hukuklaryny bozýar. "Biz IKEA-nyň we beýleki kompaniýalaryň olaryň önümlerini ulanýandygyny bilip, haýran galdyk» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Bu şikaýat ABŞ-nyň Gümrük gullugynyň Türkmenistandan gelýän pagta harytlaryny bikanun diýip atlandyrmagyna, ýagny olaryň ähli importyny tutup saklamak barada karar çykarmagyna, port ýolbaşçylarynyň türkmen pagta önümleriniň ABŞ-nyň içine goýberilmeginiň öňüni baglamagy barada görkezme berilmegine çagyrýar.

“Tarif kanunynyň berkidilmegi boýunça golaýda geçirilen reformalar bilen, Kongres we prezident Birleşen Ştatlaryň mejbury zähmet netijesinde öndürilen islendik harydyň importyny gadagan etmeklige çynlakaý garaýandygyny açyk-aýdyň etdi» diýip, Halkara zähmet hukuklary forumynyň kanun we syýasat direktory Erik Gottwald aýdýar.

“Biz ABŞ-nyň Gümrük gullugynyň doly derňew geçirip, Türkmenistandan gelýän pagta harytlarynyň importyny netijeli gadagan etmegine garaşýarys» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanda daýhanlaryň, şol sanda okuwçylaryň, studentleriň we býujet işgärleriniň pagta planyny doldurmaga mejbur edilmegi öz gözbaşyny sowet ýyllaryndan alyp gaýdýar. Bu pudakda giň ýaýrandygy aýdylýan artdyryp ýazmalar SSSR-iň soňky ýyllarynda Moskwada «Pagta işi» diýilýän uly jenaýat işiniň açylmagyna, ençeme adamyň jogapkärçilige çekilmegine sebäp bolupdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG