Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: ‘Malýatakda ýaşaýarys’


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Daşoguzly, 60-yň onundan giren Altymyrat aga eýýäm bäş ýyl çemesi wagt bäri mal ýatakda ýatyp-turýar. Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Maslahat daýhanbirleşiginiň ýaşaýjysy Altymyrat aga, öz jaýynyň 2011-nji ýylda, serhet çyzygyna golaý diýen bahana bilen ýumrulandan soň, munuň öwezine başga ýaşar ýaly ýeriň berilmändigini aýdýar.

“2010-11-nji ýyllarda biziň ýaşap oturan Maslahat daýhanbirleşigindäki 200-e golaý hojalyk jaýyny, bir mekdebi we dört sany pagta brigadasyny ýok edip, şol ýerden serhet simini çekdiler. Ýykylan tamlarymyzyň ýerine hiç zat berilmedi” diýip, Altymyrat aga Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Sebitdäki elektrik liniýalary
Sebitdäki elektrik liniýalary

Azatlyk Radiosy bilen gürleşen beýleki daşoguzlylar hem türkmen-özbek serhedine ýakyn başga etraplardaky raýonlarda, şol sanda Täze ýap we Galkynyş daýhanbirleşiklerinde-de şeýle ýagdaýlaryň bardygyny, munuň 1000-e golaý adamynyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirendigini aýdýarlar.

Jaýy ýykylan daşoguzlylaryň kimsi palçykdan bir-iki otagly tam galdyrdy, kimsi bolsa kireýine pul töläp, iliň malýatagynda sümelge tapyndy.

“Biz ýaly pukara hojalyklar galyň bendäniň malýatagynda ýatyp-turýar. Ýagdaýy sähel gowular palçykdan jaý galdyrdylar. Emma, töwerek-daşymyzy şor basan, agyz suwumyz, gazymyz ýok; odun ýakyp gün görýäris” diýip, Altymyrat aga özleriniň ýaşaýyş şertlerini suratlandyrdy.

Gürrüňi gidýän sebitde tozap ýatan, egri-bugry asfaltlanmadyk köçeleri synlasa bolýar. Şeýle-de elektrik liniýalary, hiç bir howpsuzlyk şertleri berjaý edilmezden, inçe taýajyklaryň daşyna aýlanyp, çekilen bolsa-da, bu ýeriniň ilaty toguň bir hepdede alty günläp kesilýän gezekleriniň-de seýrek däldigini aýdýar.

Türkmenistanda mellek ýerleriniň berlip başlanmagy bilen, öýsüz galan daşoguzlylar mellek sorap barandyklaryny, emma mundan hiç bir netije çykmandygyny gürrüň berýärler.

Sebitdäki elektrik liniýalary
Sebitdäki elektrik liniýalary

“Ýerli [jogapkär] resmileriň ählisine, arçynyna çenli ýüz tutduk. ‘Tiz günde bereris’ diýip, eýýäm ençeme ýyldan bäri bizi boş söz bilen doýrup gelýärler. Para berseň-ä işiň düzeläýýär. Ele berer ýaly ýagdaýymyz ýok, iýjek çöregimizi zordan tapýarys” diýip, Altymyrat aga öz nägileligini bildirýär.

Azatlyk Radiosynyň Köneürgenç etrabynyň Maslahat daýhanbirleşiginiň arçynlygyna çykyp, ýerli ilatyň berýän maglumaty dogrusynda nähilidir bir kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Şol bir wagtda-da ýakynda Aşgabatda paýtagtda propiskasy bolmadyk beýleki türkmenistanlylary işe almak bardaky girizilen täze çeklendirmeleriň hem ilata goşmaça kynçylyk döredendigi nygtalýar.

“Oglanlarymyz Aşgabada gidip, gurluşykda işläp bäş şaýy edinýärdiler. Geçen ýyldan bäri meniň öz oglumy dört gezek tutup, yzyna – Daşoguza kowup goýberdiler” diýip, Altymyrat aga iş üpjünçiligi bilen bagly çekýän kynçylyklaryny hem gürrüň berýär.

Geçen anna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguza edýän saparynyň çäginde S.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan “Bagtyýar zaman” atly täze obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Resmi maglumatda, täze obanyň jaýlarynyň türkmen maşgalalaryndaky köp çagalylyk däplerini göz öňünde tutup taýýarlanandygy aýdylsa-da, bu jaýlaryň bahasy, jaý berlen ýaşaýjylaryň olary nähili alýandygy, olaryň alan karzlary we ol karzy näçe ýylda üzmelidigi aýdylmýar.

XS
SM
MD
LG