Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Belarusyň adamsyz uçarlaryny alýar


Belarus, iki ussa "Bürgüt" dronyny bejerýär.
Belarus, iki ussa "Bürgüt" dronyny bejerýär.

Türkmenistan Belarusyň pilotsyz uçarlaryny Merkezi Aziýa sebitinde terrorçylyk hereketlerine garşy gözegçilik üçin ulanmak isleýär diýip, BelanPAN neşiri habar berýär.

Rosbalt.ru neşiri Türkmenistanyň bu enjanlary şu ýyl eýýäm tapgyrlaýyn alandygyny, munuň üstesine Aşgabadyň Belarusyň adamsyz uçarlarynyň nusagalaryny özünde hem öndürmekçi bolýandygfyny ýazýar.

Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň metbugat gullugynyň Köpmaksatly pilotsyz enjamlaryň ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Ýuriý Ýasyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, Türkmenistan sebitde terrorçylyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin Belarusyň uçujysyz awiakomplekslerini we drižabllaryny almak isleýär.

Habarda hususan-da Türkmenistanyň Belarusda tapgyrlaýyn öndürilýän pilotsyz uçarlar, 290 km radiusda hereket edýän enjamlar bilen gyzyklanýandygy aýdylýar.

Bu enjamlar, garaşylyşyndan, serhet zonasyndaky deňizýaka uçastoklaryna, geçmesi kyn dag we çöl ýerlerine gözegçilik etmäge kömek bermeli.

Şeýle-de habarda bu gyzyklanmanyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi, hususan-da Owganystandaky we Pakistandaky terror guramalarynyň hemişe aktiw bolmagy, Gazagystanda we Özbegistanda soňky ýüze çykan terrorçylyk hadysalary bilen baglydygy bellenilýär.

Belarusyň Ylmy-önümçilik merkezinde «Busel» ady bilen köpmaksatly pilotsyz uçarlaryň giden bir tapgyry işlenip düzüldi. Bu enjamlar ýerli ýagdaýlary we aýratyn alnan desgalary gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, bu tapgyrdaky enjamlaryň goýberilen nokadyndan 25—70 km radiusda işläp bilýändigi aýdylýar.

Belarus eýýäm şu ýyl Türkmenistana pilotsyz uçarlary iberdi we bu ýurtda, lisenziýa esasynda, Belarusyň pilotsyz tehnikalarynyň nusgasyndaky enjamlary tapgyrlaýyn öndürmek planlaşdyrylýar diýip, habarda aýdylýar.

BelaPAN-dan Zahar Şerbakowyň ýazmagyna görä, Belarusyň pilotsyz uçarlary daşary döwletler, hususan-da Wetnam, Orsýet we beýlekiler tarapyndan aktiw ulanylýar.

Eger ýatlatsak, 2014-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda türkmen we belarus liderleriniň Minsk şäherinde geçiren gepleşikleri mahalynda, prezident Lukaşenko “pilotsyz uçar komplekslerini” satmak barada Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG