Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow orunbasaryny Owganystana iberdi


Reşit Meredow

Reşit Meredow

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän welaýatlaryna sapar edýär.

Türkmen telewideniýesiniň 25-nji iýunda beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow R.Meredowyň şu ýylyň 26-28-nji iýuny aralygynda Owganystan Yslam respublikasynyň Farýab, Jowuzjan we Balh welaýatlarynda gulluk iş saparynda bolmagy baradaky buýruga gol çekipdir.

Habarda türkmen resmisiniň Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça gepleşik geçirjekdigi aýdylýar.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän etraplarynda jeňçiler bilen hökümet güýçleriniň arasynda aldym-berdimli söweşler barýar.

Şol bir wagtda, golaýda Owganystanda jeňçilere garşy söweşýän ýarym resmi «Arbeki» toparynyň wekilleriniň Türkmenistanda bolandygy barada habarlar çykdy.

Şu aralykda türkmen telewideniýesi Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň köpledilendigini habar berýär.

«Türkmenistan Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär we goňşy ýurda edilýän eksportyň möçberini artdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýär» diýip, «Trend» habar gullugy türkmen metbugatyna salgylanyp ýazýar.

Ozal baglaşylan hökümetara şertnamasyna laýyklykda, bu tok 300 million kilowat-sagat kuwwatlykly Ymamnazar-Andhoý elektrik geçirijisi, 200 million kilowat-sagat kuwwatlykly Serhedabat-Hyrat-Turgundy geçirijisi arkaly iberilýär.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, ýurduň elektrik pudagyny dolulygyna döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli kararlar kabul edildi.

Bu kararlaryň durmuşa geçirilmegi Owganystana Serhedabat-Hyrat-Turgundy ugry boýunça iberilýän elektrik toguny 200 million kilowat-sagatdan 400 million kilowat-sagada çenli artdyrmak mümkin boldy diýip, habarlarda aýdylýar.

Mundan öň türkmen metbugaty Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda Daşkentde, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň ýubileý sammitiniň geçýän ýerinde Owganystan Yslam respublikasynyň prezidenti Aşraf Gani bilen duşuşandygyny habar beripdi.

«Kuksaroý» döwlet rezidensiýasynda bolan duşuşykda iki ýurduň liderleriniň TOPH geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň meseleleri, elektrik energiýasy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahat edendigi aýdylýar.

Prezident Gani Owganystanyň gaýtadan gurulmagyna berilýän sosial-ykdysady goldaw, şol sanda bilim we saglyk desgalaryny gurmak, ýeňillikli bahadan elektrik toguny we suwaldylan gaz ibermek, kadrlary taýýarlamak boýunça başlangyçlary we proýektleri durmuşa geçirmek tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, TDH ýazýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG