Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat: Internet-kafe barýan adamlar artýar


Şu günler Türkmenabat şäherindäki ýeke-täk Internet-kafede Internetden peýdalanmaga barýan adamlaryň sany öňküsinden iki esse çemesi artdy. “Gök bazaryň” golaýyndaky “TürkmenTelekomyň” merkezi edarasynda ýerleşýän Internet-kafe mundan bir hepde çemesi ozal her sagatda ortaça 10-15 adam barýan bolsa, häzirki wagtda bu san 30-40 adama ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky birnäçe günlükde dörän bu ýagdaýyň sebäbini ýurtda mobil Internediň kesilmegi bilen düşündirýärler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda eýýäm dört günden bäri mobil operatorlar arkaly Internetden peýdalanyp bolmaýar. Türkmenistanlylary mobil Internet hyzmaty bilen üpjün edýän “TMCell” we “MTS” kompaniýalarynyň jogapkär resmileri bolsa, mobil telefonlardaky Internet hyzmatynyň kesilmeginiň sebäbi, onuň haçan gaýtadan işläp başlajakdygy barada anyk maglumat bermeýärler.

“Ilki ýarym, indem ýene 1 sagat garaş diýdiler”

Netijede häzirki wagtda çagasy we dogan-garyndaşy daşary ýurtda okaýan ýa-da ýaşaýan türkmenabatlylaryň ençemesi öz hossarlary bilen habarlaşmak üçin ýeke-täk çykalga hökmünde Internet-kafe barýarlar.

“Mobil telefonymdan daşary ýurtda okaýan çagam bilen islän wagtym, islän ýerimden arzan bahadan habarlaşyp bilýärdim. Ýöne indi şenbe gününden bäri mobil telefonlarda Internet işlemeýär. Ýeke-täk çykalga Internet-kafe. Bu ýerde-de adam köp bolany üçin ilki ýarym sagat, indem ýene 1 sagat garaş diýdiler” diýip, “TürkmenTelekomyň” merkezi edarasyndaky Internet-kafede nobata duran 45 ýaşlaryndaky türkmenabatly zenan gürrüň berýär.

Käbir ýaşaýjylaryň pikiriçe, emele gelen bu nobatlar şäherde ýekeje Internet-kafeniň bardygy we ondaky käbir kompýuterleriň-de işlemeýänligi bilen bagly.

“Türkmenabatda ýekeje Internet-kafe bar. Ondaky kompýuterleriňem ýarpysy işleýän bolsa, galan ýarpysy diýen ýaly işlemeýär. Öň ýarym sagat garaşýan bolsaň, indi bir-iki sagatdan geliň diýýärler. Soňra yssy howada garaşmaly ýa-da öýüňe gaýdyp, gaýtadan gelmeli bolýar” diýip, özüni Hally diýip tanyşdyran 30 ýaşlaryndaky türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

Aşgabatda-da ýagdaý şuňa meňzeş

Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabatda näme sebäpden diňe bir Internet-kafeniň işleýändigi barada anyk maglumat almak başartmady.

Emma Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda Skype programmasynyň ýapylmagy bilen Internet-kafelere barýan adamlaryň sany birbada azalypdyr. Emma mobil Internediň kesilmegi bilen, olaryň sany ýene göz-görtele köpeldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowanyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň Internet-kafelerinde hem nobata duran adamlaryň sany artýar. Bu nobatlar, esasan, aşgabatlylaryň agşamlyk işden çykýan wagty has hem göze ilýär.

Häzirki wagtda türkmenistanlylar Internetden iki usul arkaly peýdalanyp bilýärler. Olaryň biri Internet-kafeler, beýlekisi “TürkmenTelekomyň” ADSL tehnologiýasy arkaly öýe çekilen internet hyzmatlary.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG