Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident wise-premýerlerden nägile boldy


Türkmenistanyň "Boeing-575" uçary
Türkmenistanyň "Boeing-575" uçary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky halkara howa menziliniň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, wise-premýerler Durdylyýewiň, Satlykowyň «işleri döwrebap derejede guramak, gurluşygyň hiline gözegçiligi ýola goýmak» babatda edýän işleriniň netijelerinden nägile boldy.

Ýöne prezidentiň näme üçin beýle netijä gelendigi belli bolmaýar.

Prezident şu ýylyň ýanwarynda hem «Türkmenhowaýollary» kompaniýasynyň işinden örän nägiledigini aýdyp, wise-premýer S.Satlykowdan transport pudagynyň işine gözegçiligi güýçlendirmegi talap edipdi, emma transport pudagynda nähili kemçiligiň bolandygy anyklaşdyrylmandy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident 13-nji iýulda paýtagtyň howa menzilinde bina edilýän ýük terminalynyň gurluşygy, bu ýerde döredilýän logistika merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşypdyr.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, täze gurulýan ýük terminalynyň umumy meýdany 17 müň 174 kwadrat metr bolup, ol ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge ukyply bolar.

Aşgabatda Türkiýäniň «Polimeks» firmasy tarapyndan gurulýan täze uçar meýdanynyň bahasynyň 2 milliard 253 million dollara barabardygy aýdylýar.

Terminalyň territoriýasynda eksport we import zonalary bolup, olarda dürli hili ýükleri saklamaga niýetlenen sowadyjylar, ammarlar gurulýar. Şeýle-de bu ýerde Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» komapaniýasy ýerleşer.

Türkmenistanyň, geografiýa taýdan, sebitara ýollarynyň möhüm çatrygynda, amatly ýerde ýerleşýändigi we bu ýagdaýyň ýurda ägirt uly tranzit ýoluna öwrülmek mümkinçiligini berýändigi aýdylýar.

Türkmen prezidenti iş saparynyň dowamynda howa menzilindäki hyzmatlaryň guralyşynyň hil derejesine, ýagny olaryň halkara ölçeglerine laýyk bolmalydygyna aýratyn basym beripdir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň howa menziliniň işinde, halkara tejribeleriniň ýetmezçiligi, aýeroport işgärleriniň daşary ýurt dillerini gowy bilmezligi we beýleki meseleler zerarly, ýolagçylara edilýän hyzmatyň hiliniň öwrelik däldigi aýdylýar.

Prezident howa menzilindäki gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, döwlet serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işiniň halkara ülňüleri esasynda ýola goýulmalydygyny hem belläpdir.

Şonuň bilen birlikde, resmi habarda prezidentiň edil şu günki günde anyk nähili meseleler sebäpli ýurduň halkara howa menziliniň işiniň dünýä ülňülerine gabat getirilmegini talap etmeginiň sebäbi aýdylmaýar.

Eger biraz yza çekilsek, prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň 18-nji noýabrynda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy Merdan Aýazowa, «işde goýberen kemçilikleri üçin» diýip, berk käýinç beripdi.

Emma şol wagt hem bu diýilýän kemçilikler halka aýan edilmändi. Ýogsam bolmasa, bu käýinç Türkmenistanyň «Boeing – 737» uçarynyň 17-nji noýabrda, Moskwadan Aşgabada barýan wagty, Wolgogradda gyssagly gonmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şonda Orsýetiň TASS habar agentligi Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugyndaky çeşmä salgylanyp, türkmen uçarynyň tehniki näsazlyk barada duýduryş berýän abzalyň işlemegi netijesinde, Wolgograd aeroportunda gyssagly gonmaga rugsat sorandygyny habar beripdi.

Emma türkmen mediasy bu waka hakynda dymypdy. Şonuň bilen bir wagtda, türkmen uçarynyň 17-nji noýabrda Wolgogradda gyssagly gonmaly bolmagynyň sebäpleri hatda bir habar gullugynyň, «Interfaksyň» maglumatlarynda hem iki hili görkezildi.

Eger prezident Berdimuhamedowyň talap edýän dünýä ülňüleri meselesine gelsek, geçen ýylyň sentýabryndaSkytrax iki ýa ondan hem az ýyldyz alyp, iň erbet diýen bahany alan awiakompaniýalaryň 23-siniň sanawyny çap etdi.

«Türkmenhowaýollary» şol sanawada iki ýyldyz alyp, dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň hataryna girdi.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň başyny 2015-nji ýylda, tapgyr dördünji ýyl, Demirgazyk Koreýanyň «Koryo Air» kompaniýasy çekýärdi. Bu şonda mümkin bolan bäş ýyldyzdan ýeke ýyldyz alan ýeke-täk kompaniýa bolupdy.

«Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary ýurt içinde, öňki sowet respublikalarynyň ýurtlaryna, Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ýolagçy gatnadýar. Mundan başga, Türkmenistanyň howa menzili Türkiýeden, Orsýetden, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan gelýän uçarlary kabul edýär.

XS
SM
MD
LG