Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz: gowaça meýdanlaryndaky mejbury zähmet


Hünärmenler öz gönümel wezipelerinden boşadylyp, pagta ýygymy döwri uzakly gününi gowaça meýdanlarynda geçirmeli bolýarlar.

Hünärmenler öz gönümel wezipelerinden boşadylyp, pagta ýygymy döwri uzakly gününi gowaça meýdanlarynda geçirmeli bolýarlar.

Daşoguzda pagta ýygymy resmi taýdan sentýabryň 7-sine başlanýan bolsa-da, Türkmenistanyň bu demirgazyk welaýatynyň käbir etraplarynda pagta ýygymy eýýäm geçen aýyň ortalaryndan bäri dowam edýär.

Gowaçanyň ir açylan, ýagny Gurbansoltan eje, Ruhybelent, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndaky ýygym işlerine, geçen ýyllardaky adata görä, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler hem çekildi.

Hökümet edaralarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň işgärleri bellenen pagta meýdanlaryna ugradylyp, olar üçin adam başyna tabşyrmaly gündelik “pagta plany” bellenildi.

Nyýazow etrabyndaky bir mekdepde mugallym bolup işleýän Resul Azatlyk Radiosy bilen sosial ulgam arakaly habarlaşyp, şeýle gürrüň berdi: “120 km uzaklykdaky Ruhybelent etrabyna gidip pagta ýygmaly etdiler. Biziň mekdep direktorymyz şol ýeriniň daýhanbirleşigi bilen ýörite şertnama baglaşdy. Her gün [adam başyna] 60 kg pagta ýygyp tabşyraýmaly”.

Resul bu uzak aralykdaky pagta ýygymyna bir aý çemesi wagtlyk ýatymlyk gitmeli boljakdygyny, şeýle-de azyk we ýol çykdajylarynyň ählisini özüniň çekmeli boljakdygyny aýtdy.

Günlükçi tutmak

Agyz suwy, sanitariýa şertleri üpjün edilmedik gowaça meýdanyna gitmezlik üçin, Resul öz ornuna “pagta planyny” dolup berjek başga bir adamy hakyna tutandygyny gürrüň berdi.

“Gününe 10 manat töläp, hakyna adam tutdum. Özüm aýyna 400 manat aýlyk alýaryn. Indi üç aýyň dowamynda her aý aýlygymdan 300 manady günlükçä bermeli. Bu ýyldan-ýyla gaýtalanyp dur” diýip, Resul öz nägileligini bildirýär.

Gepiň gerdişine görä bellesek, “pagta plany” bellenen býujet işgärleriniň aglabasy, edil Resul ýaly, etrapdyr obarlarda işsizlikden kösenip ýörenleri hakyna tutup, gowaça meýdanlaryna ugradýarlar. Gürrüňi gidýän ýagdaýy diňe bir Daşoguz welaýatynda däl-de, eýse ýurduň beýleki welaýatlarynda hem synlasa bolýar.

Şol bir wagtda öz ornuna günlükçi tutup bilmeýän hünärmenler öz gönümel wezipelerinden boşadylyp, pagta ýygymy döwri uzakly gününi gowaça meýdanlarynda geçirmeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar bellenilýän “pagta planlaryndan” ýüz öwürjek bolýanlaryň her dürli, şol sanda işden kowulmak ýaly haýbatlar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Tankytlar

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetden peýdalanýanlygy zerarly halkara jemgyýetçiliginiň ýiti tankydyna uçrady. Şu ýylyň maýynda dünýäniň belli söwda brendleri, sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 wekili Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýollap, Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda mejbury zähmete ýol berilýändigi baradaky maglumatlar bilen baglanyşykly aladalanma bildirdiler.

Mundan başga-da mebelleri we öý hajatlary üçin esbaplary ýasaýan we satýan dünýä belli IKEA kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly faktlar ýüze çyksa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýtdy.

Mundan öň döwrebap egin-eşikleri öndürýän tanymal H&M kompaniýasy Türkmenistandan pagta almagyny duruzdy. Ol muňa Türkmenistanda pagta ýetişdirilende we hasyl ýygylanda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň sebäp bolandygyny äşgär etdi.

Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda resmi pagta ýygym kampaniýasy 27-nji awgustda başlandy. Şu ýyl türkmen häkimiýetleri ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG