Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Gytçylyk ýakalaşyga getirdi


Çilim satýan döwlet dükany, Aşgabat.

Çilim satýan döwlet dükany, Aşgabat.

Türkmenistanda döwlet garaşsyzlyk senesiniň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň gant-şeker, çilim satýan dükanlarynda uly nobatlaryň, basa-baslygyň, hatda ýakalaşyklaryň döreýändigi aýdylýar.

Hususan-da, soňky günlerde gant-şeker gytçylygy sebäpli alyjylaryň arasynda dawa turmagy bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesi ýüze çykypdyr.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, soňky günlerde Aşgabadyň Görogly köçesiniň ugrundaky käbir dükanlarda uly basa-baslyk döredi.

Gant-şeker, çilim dawasy

“Başda adamlar uly nobat gurup durdular, her kim ýany bilen 5-6 çagasyny alyp geldi, her kime 3-4 kilogramdan şeker satýardylar, adamlar hem çagalar ýene-de gaýtadan nobata durup başladylar. Dörän basa-baslykda göwreli aýallar tas heläk bolupdy, bir ýaş çaga gyslyşyga düşdi. Dükanyň sakçylary adamlaryň üstüne gygyryp, olary dükandan kowup başladylar” diýip, Görogly (öňki Perwomaýskiý) köçesinde ýerleşýän dükanlaryň birinde sişenbe güni bolan wakanyň şaýady Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Adamlar darganda, biz diňe 10 bolup galdyk we garaşmak kararyna geldik. Emma bize baryň, Berkarara gidiň diýip üstümize gygyrdylar. Garryja aýaly kemsitdiler we eli ýaş çagaly bir zenan aglap başlanda, onuň üstünden seslerini gataldyp güldüler. Men ömrümde şeýle kemsinmändim” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy öz başyndan geçireni barada gürrüň berýär.

Dükanlaryň öňündäki nobatlarda dörän dawaly wakalaryň ýene biriniň şu aýyň ortalarynda Görogly we Alyşir Nowaýy köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän, döwlete degişli dükanyň öňünde bolandygyny aşgabatly çeşmeleriň ýene biri Azatlyk Radiosyna habar berdi.

“Çilimiň nobatynda ýakalaşyk döredi. Bir adam ýaralanyp, keselhana äkidildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çemesi habar berdi. Agzalan wakadan soň polisiýanyň nobatda duran adamlary dargadandygyny gürrüň berdi.

Ýaralanandygy aýdylýan adamyň soňky ykbaly bize nämälim boldy.

Şeker şu günler Aşgabadyň hususy dükanlarynda-da, döwlet dükanlaryna garanda iki esse gymmat bahadan hem tapdyrmaýar.

Paýtagtyň uly söwda merkezlerinde ýerleşýän hususy dükanlar gytçylygyň emele gelen ýagdaýynda, özboluşly söwda usullaryny girizip başladylar.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, meselem, Berkarar söwda merkezinde ýerleşýän Kämil dükanynda şekeriň her kilogramy 4 manatdan satylýar. Emma ony satyn almak üçin, Eýranda öndürilen nar suwuny-da bäş manatdan satyn almaly bolýar.

Şeýle-de, bu söwda merkeziniň beýleki dükanlarynda bir kilogramy bäş manatdan satylýan ganty almak üçin, Türkmenistanda öndürilen bahasy üç ýarym manatlyk miwe suwlaryny satyn almaly bolýar.

Biznes täsirleri

Türkmenistanda çilim söwdasy doly döwletiň gözegçiliginde saklanýar.

Emma garaşsyz çeşmeler daşary ýurtlar bilen lomaý çilim söwdasyny amala aşyrýan we ýurtda çilim söwdasyny ýöredýän şirketleriň häkimiýet başyndaky gatlaklara ýakyndygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýyň gant-şeker önümleriniň importuna we söwdasyna-da degişlidigi çak edilýär.

XS
SM
MD
LG