Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana Hytaýyň söweş uçarlary näme üçin gerek?


Türkmenistan garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli harby paradda täze harby tehnikasyny görkezdi, Aşgabat, 27-nji okrtýabr, 2016.
Türkmenistan garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli harby paradda täze harby tehnikasyny görkezdi, Aşgabat, 27-nji okrtýabr, 2016.

Türkmenistanyň harby paradynda Hytaýda öndürilen ýarag sistemalary we harby enjamlar, şol sanda uçarlar görkezildi.

27-nji oktýabrda ýurduň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby paradda görkezilen täze harby tehnikalaryň arasynda, hususan-da, WJ-600A/D kysymly sürüjisiz howa söweş ulaglarynyň bolandygyna bilermenler ünsi çekýärler.

Paradda iki sanysy görkezilen bu söweş ulagynyň ilkinji gezek Hytaýyň Zhuhai şäherindäki sergide peýda bolandygy bellenýär.

Howpsuzlyk meseleleri boýunça Jein’s neşriniň maglumatyna görä, WJ-600A/D kysymly uçarlar orta beýiklikde uzak aralyga syn etmek üçin niýetlenýär, şeýle-de zarba urmaga hem zarbanyň netijelerine baha bermäge ukyply aňtaw enjamy hasaplanýar.

Postsowet döwletleri boýunça harby bilermen Aleksandr Olesin agzalan harby enjamyň häzirki wagtda dünýäniň harby bazarlarynda öz täsirini artdyrýan Hytaýyň iň geçginli harby tehnikasynyň biridigini aýdýar.

“Häzir Hytaý ilkinji nobatda ok atýan reaktiw sistemalary, taktiki we operatiw-taktiki raketalary, sürüjisiz howa komplekslerini we bomba atyjy söweş uçarlaryny öndürýär. Hytaý olary häzir hil we san taýdan ýeterlik derejede öndürýär” diýip, Aleksandr Olesin belleýär.

Harby bilermeniň pikirine görä, Türkmenistanyň öz ýaragly güýçlerini agzalan söweş uçarlary ýaly harby tehnikasy bilen üpjün etmegine şu günki gün zerurlygyň bardygyny belledi.

“Bu territoriýa taýdan uly bolan, emma örän az ilat sanly ýurtlaryň problemasydyr we ol Türkmenistana-da degişli. Türkmenistanyň öz giňişligine gözegçilik etmäge uly zerurlygy bar, emma öz ýaragly güýçlerini ýaýbaňlandyrmaga we esgerleriniň sanyny artdyrmaga mümkinçiligi ýok. Şeýle ýagdaýda sürüjisiz awiasiýa enjamlary we aňtaw apparatlary radio-elektron serişdeleri arkaly ýurduň territoriýasyna gözegçilik etmäge, gaz we nebit turbalarynyň, infrastruktura obýektleriniň howpsuzlygyna gözegçilik etmäge we döwletiň ykdysady bähbit zonalaryny goramagyna mümkinçilik berýär”, diýip Aleksandr Olesin belleýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan serhet gözegçiligini güýçlendirmek we ýurduň harby üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça kanun kabul etdi, goşunyň maddy üpjünçiligini artdyrdy.

Türkmenistan 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda kabul eden täze harby doktrinasynyň ýurduň goranyş kuwwatyny artdyrmak maksadyna gönükdirilendigini aýdýar.

Türkmenistan dini ekstremizm howpunyň ýaýramagy bilen bagly töwekgelçilikli regionda ýerleşýär. Türkmenistanyň 700 kilometrden gowrak umumy serhedine eýe bolan goňşusy Owganystanyň serhetýaka regionlarynda “Talyban”, “Yslam döwleti” we beýleki ýaragly toparlaryň söweşijileriniň täsiriniň güýçlenýändigi barada yzygiderli maglumat gowuşýar.

1995-nji ýylyň dekabr aýynda özüni harby taýdan bitarap döwlet yglan eden Türkmenistan sebitdäki ýurtlaryň harby we howpsuzlyk bileleşiklerine goşulman gelýär.

2012-nji ýyldan bäri Türkmenistan Hazar deňzinde harby türgenleşiklerini geçirýär.

XS
SM
MD
LG