Sepleriň elýeterliligi

'Gant-şeker bar, emma has ýokary bahadan'


Dükanlarda adam başyna bir kilogram şeker satylýar, Aşgabat, 6-njy noýabr, 2016.

Dükanlarda adam başyna bir kilogram şeker satylýar, Aşgabat, 6-njy noýabr, 2016.

Türkmenistanda käbir azyk önümleriniň söwdasyndaky çäklendirmeler dowam edýär

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri şu günler paýtagtyň dükanlarynda diňe gandyň çäklendirmän satylýandygyny, şekeriň satuwda bolsa-da, käbir goşmaça şertleriň girizilmeginde alyjylara teklip edilýändigini gürrüň berdiler.

Gaty gant satuwda bar, onuň 750 gramlyk gutusynyň bahasy 6 manatdan başlanyp, käbir ýerde 13-15.5 manada ýetýär. Geň ýeri, elde gaplanan gant gutulardaky gantdan has gymmat satylýar” diýip, özüni Mekan diýip tanadan Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Dükanlarda satylýan gant, Aşgabat

Dükanlarda satylýan gant, Aşgabat

Gandyň gutusynyň ýüzünde türkmen dilinde ýazylan ýazgy, onuň Türkmenistanda gaplanandygy hakynda habar berýär, emma öndürilen ýeri we wagty görkezilmändir.

Şol bir wagtda-da, garaşsyz çeşmelerde bu gandyň Ukrainada we Eýranda öndürilip, Türkmenistanda guta gaplanan harytdygy aýdylýar.

Şu günler paýtagtyň dükanlarynda şeker gytçylygynyň hem kem-kemden gowşap başlandygyny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler we nobatlaryň ozalky hepdeler bilen deňeşdirilende azalandygyny aýdýarlar. Emma şekeriň söwdasy goşmaça şertleriň girizilmeginde amala aşyrylýar.

“Iň arzan şeker 4 manat 80 teňňeden satylýar. Ony her adam başyna bir kilogramdan goýberýärler. Şol bir wagtda-da adamlar ýene-de gaýtadan nobata durup, iki-üç gezek satyn alyp bilýärler. Muňa satyjylar ýa-da dükanlaryň ýolbaşçylary tarapyndan garşylyk görkezilmeýär” diýip, aşgabatly Mekan aýdýar.

Mekan käbir dükanlarda her adam başyna iki kilogramdan şekeriň satylmagyna duş gelendigini, emma dükan eýeleriniň onuň gapdalyndan başga harytlary goşup satmagyna özüniň duş gelendigini gürrüň berdi: “Şenbe güni men Berkarar söwda merkezinde ýerleşýän Kämil dükanyna bardym, şekeriň nobatynda 50-ä golaý adam durdy. Her adam başyna 4 manat 80 teňňeden iki kilogram şeker satylýardy, emma şeker satyn alýanlar bir banka ýaşyl nohut ýa-da bahasy 3-4 manatlyk bir banka miwe suwuny hökmany suratda satyn almaly bolýardy”.

Oktýabr aýynda Türkmenistanda şeker, günebakar we pagta ýaglary gyt haryda öwrülip, uly nobatlaryň emele gelmegine sebäp bolupdy. Bu azyk önümler ýurduň dükanlarynda çäklendirilen görnüşde ilata satylypdy.

Geçen hepdäniň aýagynda ýagyň, şekeriň has uly mukdarda satuwda peýda bolmagyny käbir synçylar nagt dollar söwdasy doly ýatyran we daşary ýurt walýutasynda bank hasaplaşyklaryny çäklendiren türkmen hökümetiniň daşary ýurtlar bilen söwdany amala aşyrýan käbir telekeçilere daşary ýurt walýutasynda hasaplaşyklary amala aşyrmaga rugsat bermegi bilen baglanyşdyrdylar.

XS
SM
MD
LG