Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda gyt harytlar satylyp başlandy, emma...


Aşgabatda uly gytçylykda bolan ýag her müşderä bir gapdan artyk satylmaýar.

Aşgabatda uly gytçylykda bolan ýag her müşderä bir gapdan artyk satylmaýar.

Aşgabadyň dükanlarynyň tekjelerinde, mundan iki hepde töweregi ozal satuwdan ýiten günebakar ýagy peýda boldy. Häzir 9,60 manatdan satylýan bu ýagy paýtagtyň “Berkarar” söwda merkeziniň “Kämil” dükanyndan alsa bolýar. Emma ilki uly gytçylykda bolan bu ýag her müşderä bir gapdan artyk satylmaýar.

Şeýle-de, tutuş ýurt boýunça uly difisiti dörän şeker hem Aşgabadyň käbir dükanlarynda 6 manatdan satylyp başlandy.

Ýatladyp geçsek, birnäçe aýdan bäri Türkmenistanda ýag, şeker ýaly möhüm önümleriň gytçylygy döräp, netijede olaryň bahalary hem telim esse ýokarlanypdy. Harytlar üçin dörän uly nobatlarda basa-baslyk, kä halatlarda ýakalaşyklar hem ýüze çykdy.

Şol bir wagtda, paýtagtda gyt harytlaryň çäkli ýagdaýda hem bolsa, satylyp başlanmagy bilen, “gara bazardaky” dollaryň bahasy-da peselmek bilen boldy.

Geçen hepde “gara bazarda” bir dollar üçin, rekord derejede, 8 manat töweregi soralan bolsa, häzir ol 6,20 manada çenli aşaklady.

Bu soňky özgerişlikler ýurduň Merkezi bankynyň käbir telekeçilere türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna öwürmek üçin, mümkinçilik döredendigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwarynda, Türkmenistanyň Merkezi banky türkmen manadynyň daşary ýurt walýutasyna nagt görnüşli öwrülişigini doly ýatyrypdy. Türkmenistanyň banklary-da goşmaça girizilen düzgünler arkaly, telekeçileriň we adaty raýatlaryň, şeýle-de öz bank hasaplarynyň üsti bilen ýurduň daşyna daşary ýurt walýutasynda pul geçirmek mümkinçiliklerini-de birnäçe gezek çäklendiripdiler.

Ýokarda agzalan täze düzgünleriň yzy bilen ýurtda haryt gytçylygy döräp, dollaryň “gara bazary” hem janlanypdy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi häzir türkmen hökümetiniň Söwda ministrligi bilen bagly kärhanalara erkin walýuta çalşygyny amala aşyrmaga rugsat berendigini aýtdy. Munuň yzy bilen, Türkmenistandaky käbir daşary ýurt firmalarynyň hem öz müşderilerine aýlyklary dollarda berip başlandyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Aşgabatda gyt harytlaryň satylyp, “gara bazardaky” dollaryň nyrhynyň hem peselip başlamagy bilen birlikde, ýurduň beýleki sebitlerinde ýagdaýlaryň öňki durkunda saklanýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Daşoguzdaky ýagdaý

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy Mekan Täşliýew häzir ol ýerde ýag, şeker ýaly gyt harytlaryň düýbünden tapdyrmaýandygyny gürrüň berdi.

Mekan mundan birnäçe hepde ozal döwletiň söwda nokatlarynda ýok harytlar hususy dükanlarda tapdyran hem bolsa, häzir polisiýa işgärleriniň aýlanyp, hususyýetçilerden olaryň söwdasyny togtatmagy talap edip başlandyklaryny aýtdy.

“Gymmadrak bolsa-da şeker, ýag hususy dükanlarda tapdyrýardy. Ýöne indi polisiýa işgärleri aýlanyp, hususyýetçilerden bulary satmazlygy tabşyrýarlar. Sataýsalar neşe söwdasy bilen deň derejede çäreleriň görüljekdigi bilen haýbat atýarlar” diýip, Mekan gürrüň berdi.

Galyberse-de, polisiýanyň hususy dükanlara aýlanyp ýagy, şekeri satmazlygy tabşyryp başlamagy bilen baglylykda, Daşogzuň ýerli hukuk goraýjy edaralaryndan hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Mekan hususy söwdagärlere edilýän basyşdan soň, hususyýetçileriň her gün söwda edýän ýerini üýtgedip, gyt harytlary satmaly bolýandyklaryny gürrüň berdi: “Däne bazaryň” ýa “Mal bazaryň” söwdagärleri, polisiýadan gaçyp, ýagny her gün ýerini üýtgedip, başga nokatda satýarlar. Adamlar hem birek-biregine jaň edip, ýagyň nirede satylýandygyny habar berýärler. Emma islegiň uly bolandygy sebäpli, 4 manatdan satylýan ýag hem ähli kişä ýetmeýär”.

Muňa garamazdan, Mekan häzir Daşoguzda hem dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň pese gaçandygyny, bir dollaryň 6,60 manat möçberinde bahalanýandygyny aýtdy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanyň başdan geçirýän azyk gytçylygy dogrusynda döwlet mediasynda ýa-da hökümet maslahatlarynda kelam agyz söz aýdylmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG