Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan dilegçilere, arakhorlara jezany güýçlendirdi


Garry aýal dükanyň öňünde dilegçilik edýär, Aşgabat

Garry aýal dükanyň öňünde dilegçilik edýär, Aşgabat

Türkmenistanda dilegçileri we arakhorlary jezalandyrmak boýunça resmi düzgünler pugtalandyryldy.

Oktýabryň ortalarynda gol çekilen karara görä, ýurduň administratiw kodeksine girizilen goşmaçalar we düzedişler Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňýanynda 21-nji oktýabrda resmi metbugatda çap boldy we güýje girdi.

Şol bir wagtda-da, türkmen döwleti kanunda göz öňünde tutulan jezany hasam güýçlendirmek barada karar çykarýarka dilegçilik we arakhorluk ýaly sosial problemanyň bardygyny resmi derejede düýpden agzamaýar.

Azatlyk Radiosy bu problemanyň şu günki gün türkmen jemgyýetinde tutýan orny barada gürrüň bermegi sorap türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.


Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG