Sepleriň elýeterliligi

“Serhetsiz reportýorlar” Azatlyk Radiosynyň habarçysyna edilen hüjümleri ýazgardy


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa edilen hüjümiň yzlary.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa edilen hüjümiň yzlary.

Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa edilen dowamly hüjümleri we basyşlary ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň 21-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda, 67 ýaşly Soltan Açylowanyň 25-nji oktýabrda söwda merkeziniň daşyndaky nobatlary surata alýan pursady polisiýa we dükanyň dolandyryjysy tarapyndan basyşyň edilendigine ünsi çekýär.

“Serhetsiz reportýorlar” haçan-da, Açylowanyň Arçmandaky şypahana baran pursady raýat eşigindäki polisiýa işgärleriniň ony maşgala agzalary barada sorag edendiklerini, şeýle-de rugsatsyz surat almakda aýyplandyklaryny ýatladýar.

Açylowa köçede ençeme sagatlap basyş edilmegine garamazdan, ol polisiýanyň edarasyna gitmekden boýun gaçyrýar. Mundan birnäçe minut soňra, Açylowa raýat eşigindäki üç adam we bir aýal hüjüm edip, onuň şahsy emlägini zor bilen ele geçirýärler.

8-nji noýabrda Açylowa Arçman şypahanasyda wagty, iki aýal onuň öňünden çykyp, habarçyny “Türkmenistany garalamakda” aýyplapdylar. Şol gün Soltan Açylowa bilen bir ýerde bolýan başga bir aýal ýenjilipdir. Hüjümçiler “Bu seniň alýan suratlaryň üçin” diýip gygyrypdylar. “Serhetsiz reportýorlar” guramasy hüjüm edenleriň ol aýaly Soltan Açylowa bilen çalşyrandygyna şübhe ýoklugyna ünsi çekýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň baş redaktory Wirgine Dangles “Biz Soltan Açylowa edilen hüjümleri berk ýazgarýarys. Halkara jemgyýetçiligi bu ýurtda adamlaryň hukuklarynyň depelenmegine hökmany ýagdaýda reaksiýa görkezmeli. Türkmenistan media erkinligini we beýleki azatlyklary depeleýändigine garamazdan, ýurtlar, şol sanda Fransiýa hem onuň bilen gowy ykdysady gatnaşyklar saklamagyny dowam etdirýärler” diýip çykyş etdi.

Gurama Azatlyk Radiosynyň 2015-nji ýylyň iýulynda tussag edilen habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewe bikanun neşe gaçakçylygy bilen baglylykda ýöňkelen aýyplamalaryň hem toslanyp düzelendigini nygtap, onuň häzirki güne çenli hem tussaglykda saklanýandygyny ýatladyp geçýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Media Azatlygy indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirildi. Ýurduň prezidenti G. Berdimuhamedow hem şu ýyl Gurama tarapyndan “Internetiň duşmany” diýlip, atlandyryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG