Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat adam gynamalary boýunça hasabat berer


Türkmen polisiýasy saklanan raýaty alyp barýar.

Türkmen polisiýasy saklanan raýaty alyp barýar.

Birleşen milletler guramasynyň Adam hukuklary edarasynyň Ženewadan ýaýradan maglumatyna görä, Türkmenistan 21-22-nji noýabrda BMG-niň adam gynalmagyna garşy komitetiniň öňünde hasabat berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan adam gynalmagyna we beýleki ýowuz, gazaply daraşmalara, kemsidiji çemeleşmelere ýa-da jezalara garşy konwensiýany tassyklan ýurt hökmünde bu komitete yzygiderli hasabat bermeli.

Komitetiň agzalary bilen türkmen delegasiýasynyň ara alyp maslahatlaşmaly meseleleriniň arasynda tussaglaryň gynalmalardan we beýleki ýowuz daraşmalardan goralmagyny üpjün edip bilmezlik, sudlaryň garaşsyzlygy we bitaraplygy, aýallara garşy zorluklaryň, şol sanda maşgaladaky we jynsy zorluklaryň öňüni almak, tussaglary daşarky dünýäden doly üzňelikde saklamagy aradan aýyrmak boýunça görülmeli çäreler we beýlekiler bar.

Habarda tussaglykdaky zorluklar, şol sanda fiziki we jynsy zorluk we adam zorlamak ýa-da türme ofiserleri ýa tussaglar tarapyndan kollektiwleýin jeza berilmegi, adam hukuklaryny goraýjylary we žurnalistleri gorkuzmak ýa-da olara öz işleri bilen bagly ýowuz çäre görülmegi barada hem gürrüň ediljekdigi aýdylýar.

Dowam edýän gynamalar

Türkmenistanyň bu gezekki hasabaty Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa öz işi bilen baglylykda, nämälim adamlar tarapyndan hüjüm edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, halkara hukuk toparlarynyň, şol sanda BMG-niň işçi toparynyň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen häkimiýetleri Azatlyk radiosynyň we Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasynyň ştatdan daşary žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýewi tussag edileli bäri daşarky dünýäden üzňelikde saklaýar.

Mundanam başga, golaýda türkmen häkimiýetleri ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanan türkmen raýatlarynyň bir bölegini eli gandally telewideniýede görkezip, sud edilmedik adamlara özüni ýazgartmak ýaly ozaldan gelýän praktikasyny gaýtalady.

Adam hukuklaryny goraýan Türkmen inisiatiwasy toparynyň başlygy Farid Tuhbatulliniň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri bu guramanyň öňki talaplaryndan hem zerur bolan netijeleri çykarmady we ýurtdaky kartina, täze konstitusiýanyň kabul edilendigine garamazdan, tas öňküligine galýar.

Tuhbatulliniň tassyklamagyna görä, resmi Aşgabat BMG-niň adam gynalmagyna garşy komitetiniň baryp 2011-nji ýylda beren rekomendasiýalaryny hem ýerine ýetirmedi. Şu sebäpden hem ol özleriniň bar bolan mümkinçilikleri peýdalanyp, BMG-niň adam hukuklary boýunça dürli guramalary üçin alternatiw hasabatlarytaýýarlandyklaryny gürrüň berdi.

Alternatiw hasabat

«Hususan-da biz öňünden BMG-niň adam gynalmagyna garşy komiteti üçin hasabat taýýarladyk, sebäbi bu ýerde şeýle prosedura bar, olar diňe hökümet tarapyndan taýýarlanan resmi hasabaty okaman, jemgyýetçilik guramasy ýa hukuk goraýjy gurama tarapyndan taýýarlanan alternatiw hasabatlary hem okamaly. Biz öz geçiren gözegçiligimiz, şeýle-de BMG-niň adam gynamalaryna garşy komitetiniň Türkmenistana 2011-nji ýylda beren rekomendasiýalary esasynda şeýle hasabaty taýýarladyk» diýip, hukuk goraýjy telefon söhbetinde aýtdy.

Şeýle-de Tuhbatullin özleriniň bu komitetiň agzalary bilen duşuşmaga çalyşýandyklaryny, beýleki halkara guramalary bilen işleşýändiklerini we türkmen hökümetine, şol sanda prezidente hem, dürli teklipler esasynda, birnäçe hat ýollandyklaryny aýdýar.

Hukuk goraýjynyň sözlerine görä, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly goňşy ýurtlaryň hökümetleri hukuk goraýjylar, jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýan bolsa, türkmen häkimiýetleri bu ugurda edilýän teklipleri eşitmezlige, bilmezlige salýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG