Sepleriň elýeterliligi

'Türkmenistanyň şäherlerinde ýollar geçer ýaly däl'


Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Oguzhan köçesi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Oguzhan köçesi

Türkmenistanda global derejede aktual meselelere bagyşlanyp geçirilen nobatdaky halkara duşuşygy ulag gatnawynyň durnuklylygyna bagyşlandy.

Türkmenistana sapar eden BMG-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda 26-njy noýabrda geçirilen konferensiýada, hususan-da ulaglar we pyýadalar üçin amatly hem howpsuz şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna üns berildi.

Türkmenistanyň resmileri ýurduň bu ugurdan hem üstünlik gazanandygyny habar berdiler.

Şol bir wagtda-da Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar öz ýaşaýan ýerlerinde ýol hereketine degişli döwre laýyk amatly şertler däl, hatda ýollaryň howpsuzlygynyň hem üpjün edilmeýändigini, käbir ýerlerde ýollaryň asla ýokdugyny yzygiderli gürrüň berýärler.

Azatlyk Radiosy şu günki gün Türkmenistanda ýollaryň ulaglar we pyýadalar üçin amatlylyk derejesi barada gürrüň bermegi sorap türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.


Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG