Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sosial ulgamlaryň ulanyjylary 'söhbetdeşlige' äkidilýär


Internet kafe, Aşgabat
Internet kafe, Aşgabat

Türkmenistanda "Line" we "Odnoklassniki" sosial ulgamlarynyň ulanyjylary Milli howpsuzlyk ministrligine “söhbetdeşlige” äkidilýär.

“Milli howpsuzlyk ministrligine çagyrylan ýa-da agşam öýlerinden alnyp ‘söhbetdeşlige’ äkidilen adamlary tanaýaryn. Şeýle-de, köp adam internete mobil telefonlary arkaly çykýar, şeýle ulanyjylaryň telefonlaryna jaň edilip hem ‘söhbetdeşlige’ çagyrýarlar. Öýlerine çekilen internetden peýdalanýan adamlaryň bolsa köplenç öýlerine barýarlar. Eger-de sosial ulgamyndan peýdalanýanlar kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, ony ene-atasy bilen bilelikde çagyrýarlar ýa-da ‘söhbetdeşligi’ öýünde geçirip gidýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň türkmenistanly çeşmeleriniň biri gürrüň berdi.

Nämäni talap edýärler?

“Söhbetdeşlige” çagyrylan adamlara syýasy we sosial problemalar barada pikirleri orta atylýan toparlara gatnaşýandygy sebäpli haýbat atylýar. Şeýle-de, milli howpsuzlyk gullugyna çagyrylanlar garaşsyz habar çeşmeleriň, şol sanda Azatlyk Radiosy, “Türkmenistanyň hronikasy”, “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” saýtlaryň we Orsýetiň “Nezawisimaýa gazeta” neşriniň Türkmenistandaky wakalar baradaky maglumatlaryny alyp, gaýtadan çap edýän toparlara agza bolmakda günä bildirilýär.

“Çagyrylan adamlar bilen geçirilýän söhbetdeşligiň äheňi-de tapawutlanýar. Internet ulanyjynyň agza bolan toparlaryň sanyna, şol maglumaty halandygyny görkezen we paýlaşan maglumatlaryna, orta atan pikirlerine we guran diskussiýalaryna görä, onuň bilen geçirilýän söhbetiň äheňi, mazmuny we saklanýan wagty hem tapawutlanýar” diýip, ýene bir söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Aşgabatdan gowuşýan maglumatlara görä, häzirki wagtda sosial ulgamlary ulanyjylar bilen “söhbetdeşlikler” Milli howpsuzlyk ministrliginiň şäher bölüminde geçirilýärdi, emma sorag edilýänleriň köpdügi sebäpli indi bu iş ministrligiň merkezi binasynda hem geçirilýär. Bu ýerde hem “gürrüňdeşlige” nobatlaryň uludygy habar berilýär.

“Ministrligiň işgärleri örän gödek gepleşýärler, köplenç paýyş sözleri ulanýarlar. Olar esasan, “döwlet gurluşygynyň binýadyna howp salmak” we “sosial, syýasy hem dini duşmançylygy tutaşdyrmak” ýaly aýyplamalar esasynda iş gozgamak haýbatyny atýarlar. Adamlardan sosial ulgamlardaky toparlara haçan goşulandygy,

ýazan zatlary, öz tanyşlaryndan ýene kimleriň diskussiýa gatnaşýandygy, ol ýa-da beýleki informasiýanyň nireden alnandygy barada jikme-jik görkezilip, ençeme sahypalyk golýazma ýazmak talap edilýär. Bir adamyň beren gürrüňiniň wideo düşürilen pursady hem boldy” diýip, türkmenistanly Merdan gürrüň berdi.

Türkmenistanyň güýç edaralarynyň sosial ulgamlarynyň ulanyjylaryny çagyryp, geçirýän “söhbetdeşlikleri” Mary we Daşoguz welaýatlarynda-da amala aşyrylýar.

Käbir garaşsyz çeşmeler Aşgabat şäherinde, “ýörite komissiýanyň” käbir mekdeplere aýlanyp, 8-11 klas okuwçylarynyň mobil telefonlaryny ýygnap barlandygyny habar berdi.

Maglumat elýeterliligi, pikir azatlygy

Türkmenistanda internet aragatnaşygy döwletiň eýeçiligindäki şirketler tarapyndan amala aşyrylýar. Döwlet mobil aragatnaşyk hyzmatlaryna-da gözegçilik edýär, garaşsyz habar serişdeleri petiklenýär. Facebook, You Tube ýaly dünýä derejesinde meşhur ulgamlar ýurtda elýeterli däl.

Ýurtda öň elýeterli bolan "Line" we "Odnoklassniki" sosial ulagmalarynyň ulanyjylarynyň basyşa sezewar edilmegi ýurtda petikli saýtlara girmäge mümkinçilik berýän VPN ýaly proksi serwerleri ulanýan adamlaryň yzarlanmagyna gabat geldi.

Halkara guramalarynyň we Günbatar döwletleriniň hasabatlarynda Türkmenistan söz, pikir we metbugat azatlygyna dünýä derejesinde iň berk gysyş edýän ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler türkmen häkimiýetleriniň internet ulanyjylary gorkuzmak arkaly, azat pikiriň ýaýramagynyň öňüni almak isleýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG