Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 'syýasy toparlara’ agza bolan internet ulanyjylar yzarlanýar


Illýustrasiýa

Illýustrasiýa

Soňky günlerde Türkmenistanyň häkimiýetleri garaşsyz media serişdeleri ýa-da hukuk goraýjy guramalar bilen baglanyşykly onlaýn toparlaryň we guramalaryň sahypalaryna agza bolan internet ulanyjylary yzarlap başladylar diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri maglumat ýaýratdy.

Bu neşiriň 27-nji noýabrda çap eden maglumatynda aýdylyşyna görä, özlerine ýurduň Mary, Lebap, Balkan welaýatlaryndaky we Aşgabatdaky on çemesi çeşmesinden maglumatlaryň gelip gowuşandygy we yzarlamalara, esasan, “Line”, “Odnoklassniki” we “Facebook” ýaly sosial ulgamlardaky ulanyjylaryň sezewar bolýandygy mälim edilýär.

Ýeri gelende bellesek, bu waka prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowa käýinç bermeginiň yz ýanyna gabat geldi. 16-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ministriň “wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ýolbaşçylyk edýän pudagynda tertip-düzgüne gözegçiligi gowşadanlygy” aýdylypdy.

“Gel gürleşeli”

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” (ANT) neşiriniň maglumatyna görä, ýurduň ýörite gulluklary “Line” mobil ulgamyndaky käbir toparlara agza ulanyjylary anyklamak üçin dürli jemgyýetçilik, hususan-da, zenanlar we ýaşlar guramalaryndan peýdalanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň ýa-da “Türkmen inisiatiwasy” ýaly toparlaryň sosial ulgamlardaky sahypalaryny yzarlaýan ulanyjylaryň şahsyýeti anyklanandan soň, olar häkimliklere ýa-da ýörite gulluklaryň edaralaryna çagyrylyp, olardan bu sahypalary yzarlamagy bes etmek talap edilýär.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň müdiri Ruslan Mätiýew ýakynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan “gel gürleşeli” diýlip, Mary welaýatynyň häkimligine çagyrylan bir adamyň başdan geçirenleri barada şeýle gürrüň berdi:

“Mary welaýatynda bir adamy häkimlige çagyrdylar. Ol aýdylan ýere barypdyr. Bir otagyň içinde üç adam oturan eken. Olar onuň adynam, telefon belgisinem bilýär eken. Olar oňa telefonyň stoluň üstüne goý diýýärler. Ol telefonyny açansoň, ondan ‘Line ulanýaňmy?’ diýip soraýarlar. Olam ‘hawa’ diýip jogap berýär. Onuň telefonyny açyp görseler, onda “ANT-nyň”, “Türkmen inisiatiwasy” neşirleriniň toparlary bar eken. Türkmen häkimiýetleri ‘bulara girmek gadagan. Olar syýasy toparlar. Eger siz şu toparlara gatnaşyp, olaryň ýazan makalalaryny okaýan bolsaňyz, onda siz şolara goldaw berýäňiz’ diýip aýdypdyrlar. Şeýle-de, olar ‘geljekde problemalar döremez ýaly, siz şol toparladan çykmaly’ diýipdirler” diýip, Ruslan Mätiýew öz ýurt içindäki çeşmesine salgylanyp gürrüň berdi.

Gorkuzmalar we haýbatlar

Şol bir wagtda, Aşgabat şäherinde-de, “ýörite komissiýa” käbir mekdeplere aýlanyp, ýokary synp, hususan-da, 8-11 klas okuwçylarynyň mobil telefonlaryny ýygnady we barlady.

Türkmenistanyň haýsy edarasyndan gelendigi barada okuwçylara anyk maglumat berilmeýän bu komissiýa paýtagtyň käbir mekdepleriniň ýokary klas okuwçylaryndan bolsa, Azatlyk Radiosynyň, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň ýa-da “Türkmen inisiatiwasy” ýaly toparlaryň sosial ulgamlardaky sahypalaryna agza bolup-bolmandyklary barada sorady.

Häzirki wagtda käbir sahypalary yzarlaýan internet ulanyjylaryna garşy edilýän bu basyşlar we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetlerinden anyk maglumat almak başartmady.

Emma bu waka, Türkmenistanda Azatlyk Radiosyna interwýu beren ýa-da bermek isleýän türkmenistanlylara garşy amala aşyrylýan basyşlaryň güýçlenen mahalyna gabat geldi. Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri Azatlykda çykyş eden ýa-da etmek isleýän türkmenistanlylary soraga çekip, olary gorkuzmalara sezewar edýärler ýa-da 15 gije-gündizläp tussaglykda saklaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG