Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jak Niklaus "Awazanyň" golf menzili bolmagyna umyt baglaýar


ABŞ. Jak Niklaus metbugat ýygnagynda, 7-nji aprel, 2016
ABŞ. Jak Niklaus metbugat ýygnagynda, 7-nji aprel, 2016

AP habar gullugy soňky on ýylda daşary ýurtlarda golf meýdançalaryny guran amerikan biznesmeni Jak Niklausyň (Jack Nicklaus) indi Türkmenistanda, ozalkylaryndan täsin bir ýagdaýdaky ýurtda golf meýdançalaryny gurmak bilen meşguldygyny habar berýär.

Bu täsinligiň sebäbi aşa yssy we gurak howaly Türkmenistandahenize çenli golf oýnalanok.

Ozal habar berlişi ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda geljek ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryndan öň Türkmenistanda golf meýdançalaryny gurmak isleýändigini yglan etdi.

Aýdylmagyna görä, Niklaus Aşgabadyň golf klubyny aprelde gurup gutarmaly, emma ol iýula çenli golf oýnamaga taýýar bolmaz. Şeýle-de Niklaus Hazar deňziniň boýundaky "Awaza" syýahat zolagynda has kän golf kursunyň gurulmagynyň planlaşdyrylýandygyny aýdýar.

“Men hakykatda prezidentiň näme üçin golf isleýändigini bilemok» diýip, Niklaus Aşgabatda ýaşaýan we golf oýnamak isleýän 2500 çemesi daşary ýurtlynyň bardygyny aýdýar. «Ol (prezident) golfyň olimpiýa sportydygyny bilýär we geljek ýyl Türkmenistanda Aziýa oýunlary geçirilýär» diýip, neşir Niklausyň sözlerini sitirleýär.

Şeýle-de makalada prezident Berdimuhamedowyň öz ýurdy üçin geň sport bolan golfdan ozal esasan Garagum çöli bilen gurşalan yssy howaly ýurtda üç sany hokkeý desgasyny hem gurdurandygy ýatladylýar.

Jak Niklaus türkmen prezidentiniň getirýän täzelikleriniň diňe paýtagt üçin bolmagynyislemeýändigini, «men ähli welaýatlaryň bähbit görmegini isleýän» diýendigini we onuň «atçylyk bolsun, hokkeý ýa-da golf bolsun, tapawudy ýok, bularyň hemmesini öz halky üçin edýändigini» öňe sürýär.

Birleşen Ştatlardan baryp, dünýäniň bir topar ýurdunda golf meýdançalaryny guran Niklaus türkmen prezidentiniň golf proektleri bilen baglylykda Aşgabada eýýäm bäş gezek sapar etdi we ol Awazadaky mümkinçilikleri has giňden ulanyp boljakdygyna ünsi çekýär.

"Awazada" 33 sany bäş ýyldyzly myhmanhana bar, emma ol ýerde iýun-sentýabr aralygynda diňe türkmenler bolýar, Türkmenistan geçen ýyl müňden sähel köp syýahatçy wizasyny çap etdi" - diýip, ol "Awaza" syýahat zonasyndaky howa ýagdaýynyň aprelden başlap noýabra çenli aralykda hem ýeterlik derejede ýakymlydygyny belleýär.

Tanymal amerikan biznesmeni indi "Awazanyň" diňe syýahat menzili däl, golf menzili bolmagyna hem umyt baglaýar.

Emma Türkmenistandaky şertleri we Portugaliýa ýaly golfçylaryň köp barýan ýerlerini öwrenen we bu barada makala ýazan žurnalist Hudaýberdi Hally türkmen welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň «baýlaryň sporty hasaplanylýan» golfdan bähbit tapjagyna o diýen ynamly garamaýar.

Mundanam başga, Hudaýberdi Hallynyň pikiriçe, yssy howa şertlerinde golf meýdançalarynyň otuny guratman saklamak üçin köp suw we zähmet gerek bolar.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň ýapyklygynyň, ýagny syýahatçylygyň öňünde duran wiza böwediniň gowşamagynyň entek wagt aljakdygyny, bu ýagdaýyň ýolbaşçylaryň pikirlenişi bilen baglydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG