Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i eýran kompaniýasyny 'esassyzlykda' aýyplaýar


Türkmen prezidentii G.Berdymuhamedow Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň täze ugrunyň açylyş dabarasynda, Döwletabat gaz ýatagy, 6-njy ýanwar, 2010.
Türkmen prezidentii G.Berdymuhamedow Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň täze ugrunyň açylyş dabarasynda, Döwletabat gaz ýatagy, 6-njy ýanwar, 2010.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi Aşgabat bilen Tähranyň arasynda dörän gaz oňşuksyzlygy aýan bolaly bäri gysga wagt içinde ikinji beýanatyny ýaýratdy, şol bir wagtda türkmen mediasynda bu dawa barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Türkmen DIM-i Eýranyň Milli gaz kompaniýasyny bergi meselesinde «hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak» synanyşygynda aýyplaýar.

Azatlyk radiosynyň ozal habar berşi ýaly, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy, Türkmenistan 1-nji ýanwarynda goňşy ýurda iberýän gazyny üzülmedik bergi sebäpli keseninden soň, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «onlarça sagat gepleşip» çözüp bilmedik meselesini halkara arbitraž sudunda çözmekçidigini aýtdy.

Bu habar Aşgabatda geçirilen üç günlük gepleşiklerden soň, gaz ibermegi gelýän bäş ýyla çenli uzaltmak, bergi meselesini bolsa gelýän iki aýyň içinde çözmek barada ylalaşylandygy hakynda eýran tarapyndan ýaýradylan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi. Emma türkmen DIM-i «täze baglaşylan 5 ýyllyk ylalaşygy» asla agzamaýar.

Beýanatyň mazmunyndan çen tutulsa, ol bergi dawasynyň özenini, türkmen pozisiýasyny düşündirmek üçin däl-de, eýsem DIM-iň bu meselä näme sebäpden goşulýandygyny aýdyňlaşdyrmak üçin ýaýradylypdyr. Sebäbi eýran tarapy bergi üstünde turan dawanyň şertnama baglaşan iki kompaniýanyň – Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bilen «Türkmengazyň» meselesidigini, bu işe türkmen DIM-niň goşulyşmagynyň şertnamanyň düzgünlerine ters gelýändigini aýdýar.

Türkmen DIM-i eýran kompaniýasynyň websaýtynda berlen maglumaty «esassyz we obýektiw bolmadyk maglumat» atlandyrýar hem-de şertnamanyň düzgünleriniň iberilýän gazyň hili we möçberi babatynda-da bozulandygy barada aýdylýanlary düýpden ret edýär.

Muňa derek, türkmen tarapy eýran tarapynyň şertnamanyň esasy düzgünini -«al ýa-da töle» şertini birnäçe ýyllap bozandygyny, ýagny şertleşilen gazyň esli bölegini almandygyny, şol bir wagtda hiç bir öwez tölegini tölemändigini öňe sürýär.

Şol bir wagtda, resmi Aşgabat Eýran tarapynyň alan we almadyk gazy üçin anyk näçe bergisiniň galandygyny aýtmaýar. Emma muňa garamazdan, beýanatda Daşary işler ministrliginiň iki kompaniýanyň arasyndaky dawa goşulmagynyň şertnamanyň düzgünlerine ters gelýändigi barada eýran tarapynyň bildiren aýyplamasy, «nädogry maglumatyň nusgasy» hökmünde, düýpdenret edilýär.

«Sebäbi şuňa meňzeş meseleler söwda şertnamalarynda ýa-da ylalaşyklarynda bellenilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, hemmelere mälim bolşy ýaly, islendik döwletiň daşary syýasat edarasynyň esasy wezipeleriniň biri ýurduň bähbitlerini (şol sanda ykdysady), onuň raýatlarynyň we ýuridiki şahslarynyň hukuklaryny goramak bolup durýar» diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda nygtalýar.

Şu aralykda Eýranyň nebit-gaz ministri ministrligiň Türkmenistan bilen ýakynda turan bergi dawasyna gatyşmajakdygyny aýtdy. Bijan Namdar Zangene bu dawanyň Eýranyň milli gaz kompaniýasy bilen «Türkmengazyň» arasynda, olaryň özleri tarapyndan çözülmelidigini aýtdy diýip, Eýranyň «Mizan» habar gullugy ýazýar.

Emma Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki ýeke-täk habar gullugy TDH bu mesele barada ne gysga habarlary, ne-de ekspertleriň garaýyşlaryny berdi. Emma eýran metbugaty türkmen-eýran gaz bergisi we onuň töwereginde barýan gepleşikler barada yzygiderli habar berip geldi we ol habarlarda türkmen tarapy öz baglaşan şertnamasyny sylamaýan hyzmatdaş diýen pikir-netije agdyklyk etdi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan geçen ýylyň ýanwarynda, baha-nyrh we bergi dawasy üstünde, beýleki uly gaz hyzmatdaşy, Orsýetiň «Gazpromy» bilen hem söwdany birtaraply kesmeli bolupdy. Şonda, rus habar serişdelerinden tapawutlylykda, türkmen habar serişdeleri esasan dymmak pozisiýasyny saýlap alypdy.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň bu meselä bagyşlap çap eden göwrümli makalasynda Türkmenistanda metbugat azatlygynyň düýpden ýokdugy we Aşgabadyň hut şu sebäpden maglumat-wagyz söweşinde ýeňilýändigi ýaňzydylýar.

XS
SM
MD
LG