Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOPH proýektiniň ulanyşa berilmeli senesi yza süýşdi


Aşgabat 10 milliard dollarlyk TOPH proýektiniň çykdajylarynyň 85% töwereginiň Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigini yglan etdi.
Aşgabat 10 milliard dollarlyk TOPH proýektiniň çykdajylarynyň 85% töwereginiň Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigini yglan etdi.

Türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçirijiniň ulanyşa berliş möhleti 1 ýyl, ýagny 2020-nji ýyla çenli yza çekdirildi.

Gurluşygyna 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda badalga berlen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) proýektiniň ilki başda, 2019-njy ýylda ulanmaga beriljekdigi yglan edilipdi.

Pakistanyň mediasy ýurduň Gaz we Tebigy serişdeler ministrligine salgylanyp, türkmen tarapynyň 2016-njy ýylyň dekabrynda bu proektiň ähli maliýe meselesini çözmegi boýun alandygyny, emma indi ylalaşyk möhletiniň 2017-nji ýylyň iýunyna süýşürilendigini we şu ýagdaýyň hem gijikmä sebäp bolandygyny habar berdi.

Bu maglumaty Pakistanyň döwlet içindäki gaz sistemasynyň (Inter-State Gas System) direktory hem tassyklady diýip, habarda bellenýär. 2015-nji ýylda TOPH proýektiniň konsorsiumynyň ýolbaşçylygyna saýlanan “Türkmengaz” döwlet konserninden bu mesele dogrusynda häzirlikçe hiç hili beýanat edilmedi.

Ýeri gelende ýatlatsak, resmi Aşgabat umumy bahasy 10 milliard dollarlyk TOPH proýektiniň çykdajylarynyň 85% töwereginiň Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigini yglan edipdi. Proýekte gatnaşýan beýleki ýurtlaryň hersi çykdajynyň jemi 5% -ni tölärler.

Şol bir wagtda, halkara synçylar TOPH bilen bagly çözülmedik maliýe, şeýle-de Owganystandaky we Pakistandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň, 1814 kilometrlik we ýylda 33 milliard m3 gazy akdyrmaga ukyply boljak bu proýektiň geljegini sorag astyna alýandygyny nygtaýarlar.

Halkara parahatçylyk ugrundaky Karnegie ylmy-barlag merkeziniň 30-njy ýanwarda ýaýradan “Türkmenistanyň 25 ýyly: Awtoratizmiň agyr tölegi” alty hasabatynda, TOPH proýektiniň häzirki bahasynyň Aziýanyň Ösüş Bankynyň 2002-nji ýylda çak eden hasabyndan dört esse ýokarydygy bellenilýär.

Paul Stronskiniň taýýarlan bu hasabatynda Aziýanyň Ösüş Bankynyň we Yslam Ösüş Bankynyň TOPH-y maliýeleşdirmek boýunça hemaýat etjekdiklerini yglan etmeklerine garamazdan, goşmaça pul serişdeleriniň nämäniň hasabyna geljekdiginiň entek hem nämälim bolup durýandygy nygtalyp geçilýär.

Şeýle-de, Stronski gürrüňi gidýän gaz geçirijiniň dünýäniň iň bir durnuksyz sebitleriniň üstünden, ýagny Owganystanyň “Talybanyň” gözegçiligindäki ýerlerinden we Pakistanyň gazaply Bulujystan regionyndan geçmelidigini ýatladyp geçýär.

Geçen ýyl Owganystandaky “Talyban” jeňçileri milli bähbitli proýektlere, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna zyýan ýetirmejekdiklerini mälim edipdiler. Emma şol pursat owgan resmileriniň käbiri “Talybanyň” bu eden beýýannamasyna şübheli garapdylar.

Şu aralykda “Trend” habar gullugy Türkmenistanyň TOPH boýunça özüne düşýän bölegini aktiw gurýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG