Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistlere 'basyşlar artan' mahaly geçirilýän saýlawlar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlary ýurtda žurnalistlere basyşyň güýçlenýän wagtynda geçirilýär diýip, žurnalistleri goraýjy Serhetsiz reportýorlar guramasy 10-njy fewralda ýaýradan beýannamasynda belleýär.

Düýbi Fransiýada ýerleşýän halkara gurama eger garaşylyşy ýaly G. Berdimuhamedow saýlansa, onuň garaşsyz žurnalistleri öň görlüp-eşidilmedik derejede basyşa sezewar edýän ýurduň başynda üçünji prezidentlik möhletine galjagyny öz maglumatynda belläp geçýär.

Serhetsiz Reportýorlar guramasynyň beýannamasynda, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň 3-nji dekabrda tussag edilensoň ykbalynyň nämälim galýandygyny, Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri” neşriniň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň 2015-nji ýylda tussag edilendigini, Azatlyk Radiosynyň 67 ýaşly habarçysy Soltan Açylowanyň geçen ýylyň noýabr aýynda üç gezek yzly-yzyna hüjüme sezewar edilendigini bellenýär.

Şeýle-de gurama Türkmenistanyň saýlaw kampaniýasynda türkmen mediasynda prezident barada tankydy maglumataryň çap edilmeýändigini belläp, munuň geň galdyrmaýandygyny, sebäbi döwlet mediasynyň doly döwlet gözegçiliginde saklanýandygyny, garaşsyz habar beriş serişldeleirniň websaýtlarynyň ýurtda petiklenýändigini belleýär we daşary ýurtlarda ýerleşýän garaşsyz media serişdeleriniň, şol sanda Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosynyň, “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri”, “Türkmenstanyň hronikasy”, ‘Gündogar’, ‘Fergana’ neşirleriniň habarçylarynyň tussag edilmek we gynamalara sezewa bolmak howpy sebäpli gizlin işlemeli bolýandygyna ünsi çekýär.

Şeýle-de, maglumatda türkmen häkimiýerleirniň daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň gepleşiklerini görmäge we diňlemäge mümkinçilik berýän satellit çanak antennalaryny köpçülikleýin ýok etmek boýunça çärelerini dowam etdirýändigi ýatlalýar.

Türkmenistanda internet araganaşygy esasan döwlet kompaniýalary tarapyndan üpjün edilýär, graşsyz habar beriş serişdeleriniň websaýtlaryna we käbir sosial ulgamlaryň sahypalaryna ýurtdan açyk girip bolmaýar.

Ýeri gelende ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň websaýtlaryna Türkmenistandan proksi serwerler arkaly girmäge mümkinçilik bar.

Serhetsiz reportýorlar guramasynyň 10-njy fewralda ýaýradan beýannamasynda, Tükmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň öňki prezindeti Saparmurat Nyýazowyň ölüminden soň 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçende, özüni ýurdy döwre laýyk täzelemäge ymtylýan reformaçy hökmünde görkezmäge çalşandygy, emma soňky ýyllaryň dowamynda adam hukuklarynyň depelenip gelinýändigini nygtalýar.

Guramanyň dünýä ýurtlarynyň metbugat aztlygy boýunça hasabatynda, Türkmenstan dünýäde metbugat aztalygynyň iň gözgyny ýagdaýly ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilip, 180 ýurtdan 178-nji ýerde ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG