Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Müňe golaý maşgala kabel telewideniýesiz kösenýär


Aşgabatda mermere meňzeş alfagon plitalar bilen örtülýän jaýlar.

Aşgabatda bir müňe golaý maşgala indi dört gün bäri ýerli we daşary ýurt telekanallaryň hiç birine tomaşa edip bilmeýär. Munuň sebäbiniň Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň güýçlendirilmegi bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, paýtagtyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrunda, anyk aýdanymyzda, demirgazyk tarapda Ýunus Emre we gündogarynda-da ‘10 ýyl abadançylyk’ köçeleriniň aralygyndaky jaýlara çekilen kabel telewideniýeleriň liniýalary, bu jaýlara alfagon plitalaryny oturdýan gurluşyk firmasynyň işgärleri tarapyndan kesildi.

Bu barada öňünden ne ýaşaýjylara, ne-de kabel telewideniýäni üpjün edýän “Türkmentelekom” kärhanasyna duýduryş berildi. Gurluşyk işgärleriniň käbirleri bu barada özlerine gurluşyk firmasy we etrap häkimligi tarapyndan ýörite görkezmäniň berlendigini aýdýarlar.

“Bize jaýlaryň daşyna alfagon plitalary oturtmak işini tizden-tiz tamamlamagy, munuň çäginde jaýlaryň gelşigini gaçyrýan liniýalary, simleri kesmegi tabşyrdylar. Biz özümize berlen tabşyrygy berjaý etdik” diýip, agzalýan sebitdäki jaýlaryň birinde işleýän gurluşyk işçisi aýdýar.

200 hojalygyň kabel liniýasy çekildi

Azatlyk Radiosyna agzalýan görkezme we kabel liniýalarynyň kesilmegi barada degişli gurluşyk firmasyndan we etrap häkimliginden komentariý almak başartmady.

Ýeri gelende ýatlatsak, paýtagtda köpgatly jaýlaryň daşyny mermere meňzeş alfagon plitalar bilen örtmek çäresi indi iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Käbir resmileriň aýtmagyna görä, bu çäre Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde “şäheri abadanlaşdyrmak” maksady bilen amala aşyrylýar.

“Türkmentelekomyň” Parahat etrapçasyna gözegçilik edýän dispetçer gullugynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda kabel liniýalaryny alfagon oturdylýan jaýlaryň içki diwarlaryna geçirmek işleri alnyp barylýar we geçen hepdäniň anna gününden bäri bu näsazlygy düzeltmek işlerine 20-den gowrak işgär gatnaşýar.

“Gürrüňi edilýän sebitde ýaşaýan 1200 çemesi hojalygyň ortaça 200 çemesi “IP” atly tele-hyzmatdan peýdalanýar. Galan 1000 çemesi hojalyk kabel telewideniýesinden peýdalanýar. Şol 1000 çemesi hojalygyňam, 20-nji fewralda sagat 16:00-a çenli ortaça 200 sanysyna kabeller gaýtadan çekildi. Galan 750-800 hojalyk entegem telewizor görmekden mahrum” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran “Türkmentelekomyň” jogapkär resmisi aýdýar.

Häli-şindi hatardan çykýar

Gepiň gerdişine görä aýtsak, käbir aşgabatlylar “Türkmentelekomyň” kabel telewideniýesiniň hyzmatynyň gitdigiçe erbetleşýändigini aýdyp, mundan 7-8 ýyl öň oturdylan antennalaryň birtopar enjamynyň häli-şindi hatardan çykmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

2009-njy ýyldan başlap Aşgabat şäherinde çanak antennalaryny aýyrmak çäresi giň gerimde amala aşyryldy. Alty ýyla golaý wagt dowam eden bu çäräniň çäginde antennalary aýrylan jaýlara kabel telewideniýesi çekildi.

Resmi Aşgabat bu çäräni “şäheri abadanlaşdyrmak” kompaniýasynyň bir bölegi diýip düşündirse-de, bu hereket adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalary tarapyndan ýiti tankyt edilipdi.

XS
SM
MD
LG