Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch (HRW) guramasy Türkmenistanda häkimiýetleriň ýaşaýyş jaýlardan hususy telewizion sputnik antennalary aýyrmak boýunça alyp barýan işlerini tizden-tiz bes etmäge çagyrýar.

Türkmen häkimiýetleri hususy jaýlardan hususy satellit antennalary aýyrmak boýunça kampaniýasyny ýaýbaňlandyryp, hatda göze ilmeýän ýerlerde duran çanak antennalary hem aýyrýarlar diýlip, HRW guramasynyň täze maglumatynda bellenýär.

Türkmenistanda hususy çanak antennalaryny olaryň eýelerinden birugsat aýyrmak boýunça ýyllar boýy alnyp barylýan işler şu ýylyň mart aýynda has güýçlenipdi. Antennalar, esasan, uly köçelere çykýan jaýlardan aýrylýardy.

Soňky aýda häkimiýetleriň şäheriň görküni bozýandygyny aýdyp, çanak antennalara garşy alyp barýan çäreleri şäheriň uly köçelerden daşdaky hususy jaýlara hem degişli bolup başlady.

HRW guramasynyň maglumatynda 2-nji we 3-nji maýda Aşgabadyň özünde, Änewde, Gökdepede we Maryda ýerli polisiýanyň jaýlardaky hususy çanak antennalary hasaba alandygy bellenilýär.

Maglumata görä, 15-nji maýda Aşgabadyň ýaşaýjyş jaýlarynyň biriniň ýaşaýjylary jaýyň üçeginden satellit antennalarynyň kran bilen aýrylyşyna şaýat bolupdyrlar. Bu işi amala aşyranlar özlerini tanatmandyrlar, ýaşaýjylara satellit antennalaryň aýryljagy barada hem öňünden hiçi hili duýduryş berilmändir.

“Käbir adamlar öz çanak antennalarynyň aýrylandygyny diňe telewizion signal ýitenligi sebäpli uçege çykanlarynda bilip galýarlar. Käbirleri öz antennalaryna zyýan ýetmeginden howatyrlanyp, olary özleri aýyrýarlar” diýip, HRW guramasynyň maglumatynda bellenilýär.

Çanak antennalarynyň şäheriň görküni bozýandygyny Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen wagtynda aýdypdy.

Şondan bäri uly köçeleriň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinden çanak antennalary aýrylyp, olaryň ýerine birnäçe hojalyga niýetlenen umumy antennalar oturdylypdy.

Häzirki wagtda häkimiýetler aýrylýan antennalara derek diňe çäkli telekanallary öz içine alýan kabel telewideniýesini hödürleýär.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen häkimiýetleriniň bu çäresiniň ýurduň ilatynyň azat habarlary we maglumatlary alyp bilimeginiň garşysyna gönükdirilen hereketdigini aýdyp, hususan-da, Türkmenistanda köplenç çanak antennalary arkaly diňlenýän türkmen dilindäki ýeke-täk garaşsyz habar çeşmesi bolan Azatlyk Radiosynyň gepleşikleriniň elýeterliginiň öňüne böwet basmak diýip atlandyrdylar.

HRW guramasynyň çap eden täze maglumatynda şäheri owadanlaşdyrmak diýlip, zor bilen antennalary aýyrmak işleriniň indi şäheriň merkezinde bolmadyk jaýlarda hem geçirilmegi onuň maksadynyň diňe bir görk bilen bagly bolman, satellitlere iş ýüzünde gadagançylyk girizmek we satellitler arkaly tutup bolýan garaşsyz telewizion hem radio çeşmelerini çäklendimekden ybaratdygy görkezýär diýip bellenilýär.

“Türkmen häkimiýetleriniň alternatiw maglumat çeşmeleriniň elýeterligini çäklendirmek boýunça yzygiderli tagallalary maglumat elýeterligini we söz azatlygyny depeleýär” diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber belleýär we “bu paýhassyz kampaniýa tizden-tiz bes edilmeli” diýýär.

“Hususy çanak antennalary Türkmenistanyň ilatyna daşky dünýäden üzňelige garşy durmak üçin möhüm” diýip, HRW gurmasynyň maglumatynda nygtalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG