Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aýal-gyzlary jaýlaryň ýumrulmagyna garşy çykyş etdiler


"8-nji mart" raýonynda ýykylýan jaýlar
"8-nji mart" raýonynda ýykylýan jaýlar

Aşgabadyň “8-nji mart” sebitinde onlarça aýal öz ýykylýan jaýlarynyň öwezine başga jaý berilmegini talap edip, uly bolmadyk protest çäresini geçirdiler.

21-nji fewral güni sagat 11:00 bilen 12:00 aralygynda öňki “Pograniçnyý” köçesi bilen “Fizkulturnyý” köçesiniň çatrygynda azyndan 40 sany aýal özleriniň bu ýerdäki jaýlarda 60 ýyla golaý wagt bäri ýaşaýandyklaryny aýdyp, ýykylýan jaýlarynyň öwezine jaý bermek hakyndaky arzalaryny häkimligiň resmilerine hödürlediler.

“Biz arzymyzy aýtdyk, goh etmedik. Bize kömek ediň, indi mundan soň biz nirä gideli diýdik. Bize iň bolmanynda, mellek ýerini beriň. Ýa-da ile berlişi ýaly, bize-de täze salynýan jaýlary 30 ýyllyk ýeňillikli kredit bilen beriň diýdik. Bizi köçede goýmaň, bizem şu döwletiň raýaty, arzamyzy kabul ediň diýdik” diýip, bu ýere ýygnanan zenanlaryň biri, özüni Güljemal diýip tanyşdyran aýal aýdýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, bu sebitde ýaşaýan ýaşaýjylar we käbir ýerli synçylar gürrüňi edilýän jaýlaryň 1960-njy ýyllaryň başynda gurlandygyny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, şol jaýlaryň eýelerine 1980-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap wagtlaýyn öý kitapçalary berlip başlanan mahaly, 1990-njy ýyllaryň başynda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen bu proses bes edilipdir we munuň netijesinde käbir jaý eýeleri wagtlaýyn öý kitapçasyny alyp bilmändir.

"8-nji mart" raýonynda ýykylýan jaýlar
"8-nji mart" raýonynda ýykylýan jaýlar

Häzirki wagtda 100-den gowrak jaýyň ýykylyp, ýene-de 200 çemesi jaýyň ýykylmagyna garaşylýan bu sebitde, döwlet tarapyndan diňe öý kitapçasy bolan jaý eýelerine kompensasiýa berilýär. Wagtlaýyn öý kitapçasy bolmadyk jaý eýeleriniň sanynyň bolsa, 100-e golaýdygy çaklanylýar.

57 ýaşyndaky Güljemal özüniň hem şol öý kitapçasyny alyp bilmedik jaý eýeleriniň biridigini, ýöne iki-üç günlükde ýykylmagyna garaşylýan jaýynda dünýä ineni bäri ýaşaýandygyny aýdýar.

“Biz Aşgabat şäherinde doglandygymyz hakyndaky dogluş şahadatnamamyzy, zähmet depderçämizi görkezdik. Şeýle-de, öz arzamyzda, bu ýerde onlarça ýyl bäri ýaşaýandygymyza güwä geçýän üç goňşymyzyň goluny hem görkezdik. Olar bize ‘siziň eliňizdäki arzalar ýuridiki dokument däl. Şonuň üçinem biz siziň jaýyňyzyň ýykylýandygy, onuň öwezine jaý bermek hakyndaky arzaňyzy kabul edip bilemizok. Öz nejadyňyzy özüňiz görüň, bolmasa, ata-babalaryňyz haýsy etrapdan gelen bolsa şol ýere dolanyň. Biziň häzir size mellek ýeri bermäge-de, 30 ýyllyk ýeňillikli kredit bilen jaý bermäge-de mümkinçiligimiz ýok” diýip jogap berdiler” diýip, Güljemal gürrüň berdi.

"8-nji mart" raýonynda ýykylýan jaýlar
"8-nji mart" raýonynda ýykylýan jaýlar

Sişenbe güni häkimlik resmilerine nägilelik bildiren 40 zenanyň käbiri mundan öň özleriniň ýekebara şäher we etrap häkimliklerine hem arza bilen ençeme gezek ýüz tutandyklaryny, emma öz arzalaryna anyk ýazmaça jogap alyp bilmän gelýändiklerini aýdýarlar.

“Arzymyzy häkimlik diňlemese, biz arzymyzy kime, nirä aýdaly? Gyşyň ýagynly we sowuk howaly günlerinde nirä gideli? diýip, 03 belgili gara “Mercedes” maşynlarda gelen häkimlik resmileri gidensoň, aýal-gyzlaryň birnäçesi aglady diýip, Azatlyk Radiosynyň bu sebite baran habarçylary aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Aşgabadyň “8-nji mart” sebitindäki Ýolöten, Gowurdak, Ospenko, Pograniçnyý, Fizkulturnyý köçelerinde we bu köçelere degişli proýezdlerde jaýlary ýykmak çäresine ýanwar aýynyň 20-lerine başlandy.

Mundan ozal, has takygy soňky üç ýyldan gowrak wagtyň dowamynda paýtagtyň Çoganly hem-de Şor sebitlerinde, Köpetdag stadionynyň golaýynda we beýleki raýonlarynda aýry-aýrylykda 15 müň çemesi ýaşaýyş jaýy ýumruldy.

XS
SM
MD
LG