Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň şahsy maglumatlary ýygnalýar


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Şu günler Aşgabadyň polisiýa departamentiniň resmileri tarapyndan daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň şahsyýeti bilen gyzyklanmak işleri barha möwjeýär.

Käbir aşgabatlylaryň we polisiýa ofiserleriniň Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylaryna aýtmaklaryna görä, degişli polisiýa departamentiniň resmileri çagalary ýa-da beýleki bir maşgala agzasy daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän adamlary polisiýa departamentine çagyryp, soraga çekýärler. Şeýle-de, olardan Türkmenistanyň daşyndaky maşgala agzalary barada käbir resminamalary tabşyrmagy talap edýärler.

“Özüni degişli polisiýa departamentiniň resmisi diýip tanyşdyran adam öýe jaň etdi we maňa oglumyň nirä gidendigi, şol ýurtda näme işleýändigi, onuň şeýle uzak wagt daşary ýurtda galmagynyň sebäbi barada maglumat bermelidigimi we munuň üçin polisiýa departamentine barmalydygymy aýtdy. Başga-da birnäçe resminamany hem eltmelidigimi duýdurdy” diýip, ogly daşary ýurtlaryň birinde okaýan aşgabatly 52 ýaşyndaky Gülsona daýza (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa resmisi Gülsona daýza öz ýany bilen oglunyň pasportynyň kopiýasyny we suratyny, onuň ýazga duran jaýynyň öý kitabyny ýa-da orderini getirmelidigini hem tabşyrdy.

Ýurt öz raýatlarynyň nirededigini 'bilmeli'

“Polisiýa resmisi oglumyň kakasynyň pasportynyň asyl nusgasynyň we kopiýasynyň zerurdygyny hem aýtdy. Şeýle-de, ol ‘özleriniň işleriniň juda köpdügini we bu resminamalaryň ählisini bir gije-gündiziň dowamynda tabşyrmalydygymy hem nygtady” diýip, Gülsona daýza gürrüň berdi.

Indi iki hepdä golaý wagt bäri amala aşyrylýan bu çäre we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri häzire çenli resmi beýanat bilen çykyş etmediler. Bu barada Türkmenistanyň media serişdelerinde hem ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Emma degişli polisiýa departamentine çagyrylan ene-atalar munuň sebäpleri barada soranlarynda, resmiler ‘ýurt öz raýatlarynyň nirededigini bilmeli’ diýip jogap berýärler.

“Näme üçin yzly-yzyna çagyryp soraýaňyz? Çagamyz bilen bagly başga bir ýagdaý barmy? diýip, soranymyzda, olar “hiç hili zat ýok. Ýöne biziň raýatlarymyzyň nirededigi, näme iş bilen meşgullanýandygy bilen gyzyklanmak borjumyzdyr. Şonuň üçin howsala düşüp oturmaň. Biziň şeýle barlaglary ýene 3 ýa-da 6 aýdan gaýtadan geçirmegimiz mümkin” diýip jogap berdiler” diýip, Gülsona daýza aýdýar.

Aziýa oýunlary we howpsuzlyk

Şol bir wagtda, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Aşgabadyň ýokary wezipedäki polisiýa resmisi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, bu barlaglaryň şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary bilen baglanyşygynyň bardygyny aýtdy.

“Bu barlaglar dünýäde yslamçy ekstremistik toparlaryň işjeňliginiň we türkmen-owgan serhedinde uruş hereketleriniň barha möwjemegi bilen bagly, şeýle-de, Türkmenistanda ‘gülençi’ diýilýänlere goşulýanlar bar bolaýmasyn diýlen ätiýaç bilen geçirilýär. Sebäbi ýurduň daşyndaky adamlar Aziýa oýunlary döwründe yzyna dolanyp gelse, onda olaryň kimdigini, daşary ýurtlarda näme işler bilen meşgullanandygyny bilmek maksady bilen amal edilýär, yzarlanýar” diýip, ýokary wezipeleriň birinde işleýän polisiýa resmisi aýdýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, soňky aýlarda Türkiýede işläp, Türkmenistana dolanan türkmen raýatlaryna garşy edilýän yzarlamalaryň we gysyşlaryň hem güýçlenýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna maglumatlar gelip gowuşýar.

'Ilkinji gezek duş gelinýän ýagdaý'

Aýdylmagyna görä, birnäçe ýyllap Türkiýede zähmet migranty bolan türkmenistanlylar ýurda dolananlarynda, Aşgabadyň aeroportynda ençeme sagatlap soraga çekilýär. Olardan Türkiýede haýsy ýerlerde we nähili şertlerde işläp we ýaşandygy, nähili syýasy we dini toparlar bilen gatnaşygynyň bolandygy, ekstremist toparlaryň hataryna çekmäge hem başga ýurtlarda din üçin söweşe gitmäge çagyryş edenleriň bolup bolmandygy we Azatlyk Radiosyny diňläp-diňlemeýändikleri barada we başga-da ençeme maglumatlar soralýar.

Käbir türkmenistanlylaryň aýtmagyna görä, şuňa meňzeş barlaglar soňky 10 ýylyň dowamynda bir ýa-da iki gezek amala aşyryldy. Emma häzirki ýaly jikme-jik barlag etmek, ýagny daşary ýurtdaky türkmenistanlylaryň şahsy maglumatlaryny we olaryň dokumentleriniň nusgasyny ýygnamak işleri ilkinji gezek duş gelinýän ýagdaý.

XS
SM
MD
LG