Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Meýletin gatançlar’ harytlary 20% gymmatlatdy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Aşgabatda süýt-gatyk önümleri mart aýynyň başyndan bäri azyndan 20% gymmatlady. Hususy eýeçilikdäki firma eýeleri munuň esasy sebäbini Aziýa oýunlary üçin talap edilýän “meýletin gatançlar” bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, bu gymmatlama ýerli we daşary ýurt önümlerine degişli bolup, olaryň arasynda Türkmenistanyň döwlet we hususy firmalarynda hem-de Gazagystanda we Russiýada öndürilen harytlar bar.

Meselem, şu aýyň başynda 200 gramlyk ýerli gaýmak görnüşleri ortaça 5 manada satylan bolsa, häzir ol 6 manada durýar. Ýarym litrlik aýran 1 manat 30 teňňeden satylýardy, häzir ol 2 manada deň. Ýerli peýnir önümleriniň 200 gramy ortaça 7-8 manatdan satylypdy, indi olar 9-10 manada barabar.

Ýatladyp geçsek, Aşgabatda azyk harytlarynyň gymmatlamagy şu ýylyň ýanwar aýynyň başyndan bäri indi ikinji gezek bolýar. Mundan ozal, Aşgabadyň bazarlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk we senagat harytlarynyň bahasy ýanwar aýyndan mart aýynyň başyna çenli ortaça 50% gymmatlapdy.

Bu gymmatlamalar we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine henize çenli maglumat berilmän gelýär. Emma gürrüňi edilýän harytlary öndürýän käbir hususy firma eýeleri munuň birnäçe sebäbiniň bardygyny aýdyp, olaryň esasysyny Aziýa oýunlaryna “meýletin gatanç” diýlip, döwlet tarapyndan hususy firmalara girizilen “näresmi salgyt” bilen düşündirýärler.

“Döwlet tarapyndan talap edilýän “meýletin gatanç” firmanyň maliýe ýagdaýyna görä, firmanyň öz kesgitlän möçberindäki maliýe gatanjy däl, onuň mukdary ýokarydan berlen görkezme esasynda kesgitlenilýär. Bu “meýletin gatanç” hem diňe bir gezek däl, her bir firma her aý maliýe gatanjyny etmeli. Bu bolsa biziň hem çykdajylarymyzy artdyryp, girdejimizi azaltýar. Şonuň üçin bizem harytlaryň bahasyny gymmatlatmaly bolduk” diýip, Aşgabatda süýt-gatyk önümlerini öndürýän hususy firmanyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýokary derejeli resmisi aýtdy.

Onuň sözüne görä, gymmatlamanyň käbir beýleki sebäpleri bolsa, süýt-gatyk we gaýmak önümlerini haryt görnüşine getirmek üçin, ulanylýan tehnologiýanyň daşary ýurtlardan getirilýändigi bilen bagly.

“Gatyk-gaýmak önümlerini öndürmek üçin niýetlenen tehnologiýalar, galyberse-de, harytlaryň zaýasyz saklanmagy üçin niýetlenen konserwantlary hem daşary ýurtlardan satyn alýarys. Indi ýurtda bir ýyldanam gowrak wagt bäri döwlet banklarynda diňe bir şahsy raýatlara däl, eýse firmalar-da, hatda Senagatçylar we telekçiler birleşigine agza bolup durýan firmalara-da puly konwertasiýa etmek işi barha kynlaşýar” diýip, firma eýesi gürrüň berdi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň başynda amerikan dollarynyň nagt satuwy doly ýatyrylany bäri, ýurtdaky söwdagärleriň we biznesmenleriň türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa etmek düzgünlerine hem ençeme tapgyr çäklendirmeler girizildi.

Mundanam başga, indi bir ýyla golaý wagt bäri hususy eýeçilikdäki firmalardan we kärhanalardan sentýabr aýynda geçiriljek V Aziýa oýunlary üçin, “meýletin gatanç” etmekleri talap edilýär.

Geçen ýylyň dowamynda “meýletindigi” aýdylýan bu gatançlar ýa-da “salgytlar” sebäpli ençeme hususy firma we kärhana öz işini hem togtatdy.

XS
SM
MD
LG