Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda turistleriň sany artýar diýilýär, emma statistika berilmeýär


Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagy.
Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagy.

Türkmenistan ýurda gelip-gidýän daşary ýurtly turistleriň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýdýar.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M. Nobatow 3-nji aprelde geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde mälim etdi.

Şu ýylyň ilkinji çärýeginde alnyp barlan işler barada geçirilen mejlisde M. Nobatow “jemlenilen netijeler ýurda gelip-gidýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň yzygiderli artyşynyň durnukly ýagdaýlaryny aýdyň görkezýär” diýdi.

Türkmen mediasynyň habarynda olaryň takyk sany barada maglumat berilmese-de, prezident G. Berdimuhamedowyň Nobatowyň aýdanlaryny makullandygy aýdylýar. “Türkmen lideri bu netijeleriň dünýä jemgyýetiniň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär diýdi” diýlip, habarda nygtalýar.

Ýüzlerçe milliard dollar

Türkmenistan soňky döwürde ýurduň syýahatçylyk pudagyna ýüzlerçe million amerikan dollary möçberinde maliýe sarp etdi. Deňiz kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda, Aşgabatda we ýurduň beýleki welaýatlarynda onlarça myhmanhana, dynç alyş merkezleri guruldy. Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynda emeli adanyň gurluşygy hem dowam edýär.

Mundanam başga, ýakynda Türkmenistan bahasy 5 milliard dollarlyk Olimpia şäherçesini we 2 milliard dollardan aşýan täze aeroporty hem gurup gutardy. Türkmen häkimiýetleri bu uçar menziliniň her sagatda azyndan 1600 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendigini aýdýarlar.

Emma olar ýurda her ýyl gelýän turistleriň sany baradaky takyk statistiki maglumatlary indi ençeme ýyl bäri halk köpçüligine mälim etmän gelýärler.

Türkmenistan özüniň berk wiza düzgünleri zerarly, halkara guramalarynyň we ýurda gelip-gidýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ençemesi tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanylýar.

Wiza almasy “iň kyn ýurt”

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşary ýurtly syýahatçylaryň käbirleri Türkmenistany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda wiza almasy iň kyn ýurt diýip atlandyryp, ýurtda syýahatçylara hyzmat ediş pudagynyň hem entek o diýen kämil däldigini aýdýarlar.

Şeýle-de, türk raýatyna öýlenen ýa-da durmuşa çykan türkmen raýatlary özüni daşary ýurtly adamysyna ýa-da aýalyna Türkmenistanyň wizasyny almakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Russiýanyň “AlfaStrahowaniýe” kompaniýasynyň şu ýylyň fewral aýynda çap eden statistik maglumatynda, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň orsýetli turistler tarapyndan iň az syýahat edilen ýurtlaryň biridigi aýdylypdy.

Mundanam başga, Halkara SOS we Kontrol Risks, ýagny töwekgelliklere gözegçilik edýän kompaniýanyň ekspertleri dünýäde syýahatçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan töwekgelçilikleri bilen baglylykda, ýurtlaryň sanawyny çap etdi.

Bu sanawda 2017-nji ýylda syýahatçylara kiçi bolmadyk howp abanýan ýurtlaryň hatarynda Wenezuela, Boliwiýa, Gürjüstan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan ýerleşdirildi.

Resmi maglumatda 2016-njy ýylyň ilkinji 9 aýynda ýurtda 83 müňden gowrak syýahatça hyzmat edilip, 33 million manatdan gowrak girdeji alyndy diýilýär. Emma bu syýahatçylaryň ýerlimi ýa-da daşary ýurtly syýahatçylardygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG