Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa paýtagty ‘köne ulaglardan arassalaýar’


Saklanan ulaglaryň arasynda “Žiguli” maşynlaryň agdyklyk edýändigine üns çekilýär
Saklanan ulaglaryň arasynda “Žiguli” maşynlaryň agdyklyk edýändigine üns çekilýär

Şu günler Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) awtoduralgasynda jerime üçin, mejbury ýagdaýda getirilen köp sanly ulagy görse bolýar. Galyberse-de, olaryň arasynda “Waz”, ilat arasynda atlandyrylyşy ýaly “Žiguli” kysymly ulaglaryň agdyklyk edýändigine üns çekilýär.

Duralgadaky ulaglaryň eýerleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, PÝÝG işgärleri olary ýolda saklap, “ulagyňy stoýankadan [duralgadan – red.] alyp gaýdarsyň” diýmekden başga hiç hili goşmaça maglumat bermändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy gürrüňi gidýän ulaglaryň paýtagtyň köçelerinden mejbury ýagdaýda ýygnalyp başlanmagy dogrusynda, Içeri işler ministrligi we degişli Ýol gözegçilik gulluklary bilen habarlaşanda, nähilidir bir düşündiriş almak başartmady.

Ýöne ilat arasyndaky – resmi çeşmelere tassykladyp bolmadyk – maglumatlara görä, häkimiýetleriň bu hereketleri “Aziada-2017” oýunlaryna çenli paýtagtyň köçelerini köne ulaglardan ‘arassalamak’ üçin geçirilýär.

“Meniň bar eklenjim şu köneje žigulim. Häzir jerime töletseler, soňy bilen hem sürmegi gadagan etseler gün-güzeranym neneňsi bolar?” diýip, nobatda duranlaryň biri, özüni Ilaman diýip tanyşdyran 60 ýaşlaryndaky aşgabatly zeýrendi.

Ýeri gelende bellesek, bu türkmen häkimiýetleriniň ýollary, özleriniň kesgitlän talaplaryna laýyk gelmeýän, ulaglardan ‘arassalamak’ boýunça geçirýän çäreleriniň iň soňkusydyr.

Ýatladyp geçsek, 2013-nji ýylyň 1-nji martyndan, ýurda getirilýän awtoulaglaryň zawoddan goýberilen senesiniň 5 ýyldan köp bolmaly däldigi barada ýörite karar kabul edildi.

Mundanam başga, geçen ýylyň martynda, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň girizen täze düzgünlerine laýyklykda, öndürilenine 4 ýyl bolan maşyn ýurda getirlende, oňa gümrük bahasynyň 50%-i, ýaşy 3 ýyl bolan maşyna bahasynyň 40%-i we öndürilenine iki ýyl dolan maşyna bolsa gümrük bahasynyň 25%-i möçberinde salgyt salnyp başlady.

Şeýle-de, 2001-nji ýyldan bäri, ýokary tizlikli sport awtoulaglaryny hem-de hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub sm-den ýokary bolan ýeňil awtoulaglary Türkmenistana getirmek hem gadagan edildi.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ulaglaryň daşky keşbi bilen baglylykda hem ençeme tapgyr gadagançylyklar girizipdiler. Eger-de, 2014-nji ýylda ulaglaryň, hatda öndürijiniň özüniň ýerleşdiren, gara reňkli aýnalary, gara diskleri, spoýlerleri mejbury ýagdaýda aýryldylan bolsa, 2015-nji ýylda gara reňkli maşynlary ýurda getirmek düýbünden gadagan edildi.

Awtoulaglaryň daş keşbi bilen bagly girizilen bu gadagançylyklar barada häzirki güne çenli hiç hili resmi maglumat almak başartmaýar.

Şol bir wagtda, türkmen-gazak serhediniň Gazagystan tarapynda dörän – Türkmenistana getirilmeli ulaglardan ybarat bolan – “Žiguli mazarçylygyny” hem belläp geçmelidiris.

Ýatlatsak, 2015-nji ýylda airbagsyz, ýagny howpsuzlyk ýassygy (janýassygy – red.) bolmadyk awtoulaglary ýurda goýbermek gadagan edilensoň, türkmen gümrükçilieri Gazagystan tarapyndan gelýän ýüzlerçe “Waz” we beýleki kysymly ulaglary ýurda goýbermediler. Şol pursat, bu täze düzgün barasynda özlerine öňünden hiç hili duýduryşyň berilmändigini aýdýan türkmen telekeçileri uly maliýe zyýanyna galandyklaryny aýdypdylar.

Ýokarky gadagançylyklar bilen birlikde, Türkmenistana çep rully, şeýle-de ruly soňy bilen saga geçirilen ulaglar hem artyk getirilmeýär. Olar indi tehniki guratlaýyş barlagyndan hem geçirilmeýär.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri ýokarky ulag gadagançylyklarynyň hiç biri boýunça-da ilata düşündiriş bermeýärler. Bu gadagançylyklar dogrusynda ýurduň metbugatynda hem maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG