Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisiniň Aşgabada gizlin barandygy aýdylýar


Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Nikolaý Patruşew

Orsýetiň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşiniň başlygy Nikolaý Patruşewiň ýakyn günlerde Türkmenistana yglan edilmedik sapar bilen baryp gaýdandygyny garaşsyz çeşmeler habar berdi.

Nikolaý Patruşewiň 11-nji aprelde Aşgabada barandygyny gündogar.org internet neşri 12-nji aprelde habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň orsýetli ygtybarly çeşmesi Orsýetiň Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Nikolaý Patruşewiň öz orunbasary Raşid Nurgaliýew bilen bilelikde, Aşgabada baryp gaýdandygyny aýtdy.

Patruşewiň sapary barda resmi derejede maglumat berilmedi. Orsýetiň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat gullugynda “habarymyz ýok” diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdylar. Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmileri Patruşewiň sapary barada özleriniň gepleşmäge taýýar däldiklerini mälim etdiler.

Merkezi Aziýa boýunça orsýetli syýasy analitik Aždar Gurdowyň bellemegine görä, yglan edilmezden geçirilýän saparlar halkara tejribesinde, adatça taraplaryň özara maslahat edýän meseleleri barada köpçülige mälim etmekden ir hasap edýän ýagdaýynda amala aşyrylýar.

Aždar Gurdow: “Mälim bolşuna görä Patruşew Orsýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça strukturanyň wekili, bu ýagdaýda, eger sapar bolan bolsa, maslahat edilen meseleleriň howpsuzlyga baglydygyny çak edip bolar. Bellemeli mesele, şu gün Gyrgyzystanda Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň geçirilýän sammitinde Orsýetiň prezidenti Putin Ýakyn Gündogardaky we Owganystandaky howpsuzlyk problemalary bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlygy meselesini ýene-de gozgady”.

Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň (ODKB) sammiti 14-nji aprelde Bişkekde geçirildi. Gurama Merkezi Aziýa regionynyň üç ýurdy Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan girýär.

Orsýetli bilermen Türkmenistan gurama agza bolmasa-da, soňky döwürde howpsyzlygyny üpjün etmek meselesine ünsi artdyrandygyny belledi.

Ažar Gurdow: “Howpsuzlygyň kepil geçilmegine şu günki gün güýç strukturalarynyň, ilkinji nobatda-da, ýaragly güýçleriň söweş ukybyny çürt-kesik ýokarlandyrmak ýa-da harby tehniki we harby ylalalyşklar arkaly beýleki

ýurtlar bilen ýaranlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly gaznyp bolýar. Meniň pikirimçe, Patruşewiň sapary ýurtlaryň arasynda howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak maksadyna gönükdirilen bolmagy mümkin. Orsýetiň we Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga-da degişli bolup biler”.

Orsýetiň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşiniň başlygy Nikolaý Patruşewiň Türkmenistana sapar edendigi barada berlen maglumat onuň Azerbaýjana sapar edip, 10-njy aprelde prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren gepleşiginde, howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny maslahat etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, Nikolaý Patruşewiň Aşgabada eden sapary barada maglumatlar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana garaşylan saparynyň öňýanyna gabat geldi. Türkmenistanyň prezidentiniň 12-nji aprelde Gazagystana döwlet sapary bilen barmagyna garaşylýandygyny Gazagystanyň daşary işler ministri Gaýrat Abdrahmanowa salgylanyp, “Sputnik” neşri habar beripdi.

Iň soňky gezek Gazagystana 2013-nji ýylyň 10-11-nji maýynda sapar eden G. Berdimuhamedowyň indiki saparynyň 18-19-njy aprel aralygyna geçirilendigini Gazagystanyň daşary işler ministri Gaýrat Abdrahmanow 12-nji aprelde mälim etdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG