Daşoguz welaýatynyň ilatyny gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün edýän edaralar şu günler ýaşaýjylardan tölegleri guramaçylykly toplamak boýunça dürli çäreleri görýärler.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, bergili maşgalalary tölemäge mejbur etmek üçin çäreleriň arasynda hojalyklaryň gazyny we toguny kesýärler.
"Gaz edaralaryň işgärleri ýaşaýjylaryň hasaplaýjylarynyň gowy işleýändigini barlap görýärler we näçe gaz ulanylandygyny anyklap, zerur kwitansiýalary we resminamalary talap edýärler. Olaryň talap eden kagyzlarynyň ýekejesi bolmasa jerime ýazýarlar we ony tölemedik raýatlaryň gazyny kesýärler", diýip habarçymyz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, talap edilýän resminamalaryň arasynda hasaplaýjy enjamlaryň sertifikat kitabynyň döwlet standart edarasynyň tassyklandygy baradaky kitapça, öýüň inwentar kitaby, öýüň gaz taslamasy kitapçasy, maşgala sany barada ýaşaýan ýerinden kagyz soralýar.
Ilatyň gaz we elektrik togy üçin töleglerini berjaý etmegi boýunça gözegçilik çäreleriniň guramaçylykly geçirilýändigini, öýme-öý aýlanýanlaryň arasynda, hususan-da, kanuny goraýjy işgärleriň, welaýat we etrap gaz edaralarynyň işgärleriniň bardygyny ýerli çeşmelerimiz aýdýarlar.
"Olara ýokardan nätseňizem ilatdan pul ýygnaň diýen tabşyryk berlipdir. Ilatdan sarp edilen gazy-togy üçin we beýleki tölegleri tiz ýygnamak hakynda welaýat häkimliginde ýygnak geçirilip, tabşyrylypdyr" diýip, Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň biriniň gaz edarasynyň hasapçysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Bergisi sebäpli gazy ýa-da togy kesilen maşgalalaryň sanyny anyklap bolmady. Azatlyk Radiosyna bu ýagdaý barada welaýatyň administrasiýasyndan we gaz üpjünçilik edarasyndan resmi kommentariý almak başartmady.
Şol bir wagtda-da, türkmenistanly söhbetdeşlerimiz ilatyň hasabyna oturdylýan gazy, elektrik toguny we suwy ölçeýji gurallaryň goşmaça çykdajylary talap edýändigini aýdýarlar. Bu gurallaryň bahasy bir ýylyň dowanynda 70% çemesi göterildi.
Ölçeýjileri oturtmak işi türkmen hökümetiniň gazy, togy we suwy doly tölegli etmek kararyny sentýabrda yglan edeli bäri hasam güýçlendi. Soňky aýlarda tutuş ýurt boýunça ýerli häkimiýetler ilatyň ölçeýji gurallary oturtmak işlerine guramaçylykly gözegçilik edýärler.
Ýaňy-ýakynda Aşgabatda şeýle çäreler sebäpli ýaşaýjylaryň ençeme wagtlap gazsyz oturandygy habar berildi.
Mundan öň ilatyň gaz, suw we tok ölçeýjilerini oturmagyny gazanmak üçin häkimiýetleriň amala aşyrýan çäreleriniň arasynda, hususan-da, käbir býujet edaralarynda ýolbaşçylaryň öz işgärlerinden öz öýlerinde ölçeýjileri gurdurandygy hakynda subutnama getirmegi, şol sanda olary surata düşürmegi talap edendigi hakynda habar berlipdi.
Türkmenistan 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberini mugt bermek düzgünini girizipdi. Şondan 25 ýylyň geçmeginden soň Türkmenistanyň ýolbaşçylary ilatyň durmuşynyň gowulanandygyny aýdyp, bu ýeňillikleri doly ýatyrdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ilaty agyr işsizlik, azyk harytlaryň gytalmagy we gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Döwlet işgärleri mejbury zähmet güýji hökmünde pagta ýygyma we ýowarlara köpçülikleýin gatnaşdyrylýarlar. Býujetden aýlyk alýanlaryň zähmet hakyndan oba hojalyk işleri, şäherleriň abadanlaşdyrylmagy, köçe arassaçylygynyň üpjün edilmegi ýaly maksatlar üçin serişdeler yzygiderli häsiýetde tutulýar, şeýle-de olar gazet-žurnallara ýazylmaga mejbur edilýär, köpçülikleýin çärelere niýetlenen baýramçylyk lybaslary üçin pul tabşyrýar.
Soňky döwürde türkmen döwleti pensionerleriň tas ählisiniň pensiýa tölegleriniň nagt berilmegini ýatyryp, olary plastik kartlaryna geçirdi. Munuň bilen bir wagtda pul kartlara gijikdirilip geçirilýär, garrylar puly nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňlerinde uly nobatlarda durup pulunyň diňe belli möçberini alyp bilýärler.