Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda kommunal hojalyk hyzmatlary ‘agsaýar’, 'parahorlyga ýol berilýär'


Zir-zibiller. Illýustrasiýa suraty
Zir-zibiller. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň Dokmaçylar etrapçasynyň 370-nji we 374-nji jaý toplumlarynyň ýaşaýjylary şäheriň kommunal hojalyk edarasynyň lagym, ýyladyş we gaz hyzmatlaryndan nägiledigini bildirýär.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan käbir ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, olara lagym arassalamak we ýyladyş hyzmaty berilmeýär. Ol ýerde ýaşaýan onlarça maşgalanyň aýtmagyna görä, bu hyzmatlary hojalykda özbaşdak ýola goýmak üçin bolsa para-peşgeş soralýar.

“Sowet döwründe ol ýerde iki etažly kotej görnüşinde jaýlar salyndy. Olaryň hajathanalary umumy. Kommunal hojalyk edarasy lagym arassalamak hyzmatyny bermeýändigi sebäpli, olara hapaçylykdan girer ýaly däl. Umumy hajathanalaryň gapylary hem döwük, haraba ýagdaýda. Ýerli ýaşaýjylar öz arasynda pul ýygnap, hajathanalara agaç gapy goýdursa, sähel salym geçmän olary döwüp, goparyp alyp gidýärler. Günüň dowamynda iki gezek boşadylmaly zibil konteýnerleri bolsa iki-üç günläp arassalanmaýar. Halk indi zir-zibillerini demirýoluň aşagyna ýa-da şäheriň içinden geçýän kiçijik kanala zyňyp başlady. Häzir ol ýerler hem zir-zibilden dolup, porsap, hapaçylyk bolup ýatyr. Ýerli ýaşaýjylar şäher häkimligine we saglygy goraýyş edarasyna çenli arassaçylygyň dikeldilmegi baradaky arz-şikaýatyny ýetirdi. Emma, şu wagta çenli hapaçylyga çäre görülmän gelýär” – diýip, maşgalalar Türkmenabadyň kommunal hojalyk edarasyndan nägiledigini bildirdi.

Şäheriniň owalky awtobus terminalynyň arka tarapynda, hut 370-nji jaý toplumynyň edil ýanynda merkezi ýyladyş desgasynyň ýerleşýändigine garamazdan, olara ýyladyş hyzmatynyň hem berilmeýändigi aýdylýar.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny sorap Azatlyk Radiosyna maglumat beren türkmenabatly pensiýadaky owalky döwlet işgäriniň aýtmagyna görä, ol ýerde gurply ýaşaýjylar hojalyklardaky owalky ýyladyş ulgamlaryny söküp, tebigy gaz çekip, özbaşdak ýyladyş enjamlaryny oturdýarlar. Şeýle-de, olaryň hojalyklarynda özbaşdak hajathanalary bar. Olar para-peşgeş berip öz hajathanalaryny merkezi ýerlagym ulgamyna sepleşdirýärler.

Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna bildirmegine görä, hojalyklara tebigy gazy çatdyrmak, hajathanalary hem merkezi ýerlagyma baglatmak we özbaşdak ýyladyş ulgamyny ýola goýmak maksatnamasyny resmilere tassyklatmak üçin, her inedördül metre 500 bilen 800 manat arasynda para bermeli.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň kommunal hojalyk edarasynyň resmilerinden nähilidir bir garaýyş öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG