Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 14:49

Medeniýet

Türkmen türmesinde oturanyň goşgusy

1933-nji ýylda doglan ýazyjy Ýusup Haýydow 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy diýilýäni bilen bagly Aşgabat şäher sudy tarapyndan bäş ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Ol 2007-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen azatlyga çykarylýar.

x

Multimedia

Audio
Tekstiň ululygy - +
Ýusup Haýydow türmede üç sany poema ýazypdyr. Olaryň atlary “Çopanata”, “Babadaýhan” hem “Mirap”. Türme işgärleri ol kitaby ýok edenlerinden soňra, soňky döreden goşgularyny ýat bekläpdir.

Ýusup Haýydowyň türmede ýazan goşgularyndan bir bölek.

Sesi türmä düşen gökdäki durna,
Mawy asman, aý-gün barmy, habar ber!
Gojalan ýüregim zulumdan gyrma,
Zyndan kimin dünýä darmy, habar ber!

Gyş ýyljaga, ýaz salkyna mätäç men,
Ysgyn-mydarym ýok, dowamat aç men!
Et-ganym dökülip, gury agaç men,
Özgeler-de nana zarmy, habar ber!

Ýykylandyr alysdaky harabam,
Gözlerimden akýar ahmyr şerebäm,
Obada-şäherde köpdür neberäm,
Olar menden bihabarmy, habar ber!

Ölýänler bar, menem çala dirisi,
Ejiz men, ýagylar dagyň börüsi,
Dünýädäki adamlaryň birisi,
Heý, maňa-da howandarmy , habar ber!

Hak-hukuk gürrüňi durkuna galat,
Daşym tikenli sim, ýüzlerçe gulaç,
Iki gyşdan çykdym aýaklaňaç,
Mundan çyksam buzmy-garmy, habar ber!

Ýesirleriň tükenmezdir kyssasy,
Gabyra sygmaz ejemiň gam-gussasy,
Depesinde zogdurylyp tüssesi,
Käte ýalyn çabryýarmy, habar ber!
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: Ayhan
15.11.2009 18:49
+0 / -0
Hiç kimi Huday türma düşürmesin! Düşenlere-de yardamyny esirgemesin! Yurdumyz asuda bolsun!

kimden: garagum
16.11.2009 02:51
+0 / -0
Yashuly gynanma.Hemme eden etdiligin garshylygy bardyr.Eger bu dunyade bolmasa baky dunyade adalat yerine govushar.Kimdir biri ol dunyade belki shu vagt hasabam beryan bolmagy mumkin.Yurdyn bashynda oturan adamyn Allahyn onunde her bir rayaty uchin jogap bermelidir. Bu Yslam dininde sheyledir.

kimden: Сынчы
16.11.2009 18:09
+0 / -0
Юсуп аганын, онун оглынын ве машгалаларынын башына душен мусаллат шу вагыт 21 асырда болуп гечйанине отрып пикир эдип акыл етирип болонок.
Эй адамлар бу не бейле алдажы юрт болты, бу не бейле ахырзамана болды
Бу елбашчыларын ынсанлык нышанасы екмыкан, яда адамы ынсан саймыямы
Я-да биз ынсанлыкдан чыкып гоюн ялы гезип йориз, бизи натсен болярмы
Юсуп ага ялылары биз депеде готермели, оларын мертебесини готерип, яшлара нусга этмели, олар хакда коп геплешиклер гурамалы. Ханы оппазиционерлер, активистлер, наме учин халкара ве дунйа жемгиетчилик гурамаларына йуз тутамзок, наме гарашярыс, туркменин ин сонкы ителлектулларынын сонына гаршярысмы, сон гич болор, ол
туркменин соны болар.

kimden: Chary Ata nireden: Europa
17.11.2009 00:37
+0 / -0
Ysup aga dovzahdan dyndygynyz bolsun, indi gorjeginiz govu bolsun. Menem Ak-Dashyn turmesinde ych yil, sagat sanap gechiripdirdim. Diri chykaryn diyen duygym galmandy. Hich kime gorkezmesin tanrym. Indi sheydip jemgyet bilen gatnashyk sakla agam. Sag bol azatlyk, shular yali chykyshlary, shular yali shahsyetleri berip durun. Goy dynye bilsin Tyrkmenistandaky halkin bashyna dyshen zulumi. Yurdumuzdaki yikgynchylygynam bir gyn sony gelerdä.