Anna, Fewral 10, 2012 Aşgabat wagty 15:16

Ýörite gepleşikler / Çeşmeler

On güne çeken toý

Türkmen telewideniýesiniň mawy ekranlaryndan, 29-njy iýun.

Multimedia

Audio
Podcast
Ýazyl"Google" okaýjy
Tekstiň ululygy - +
Berdimuhamedowyň doglan gününiň ýurduň medeni hem syýasy durmuşynda uly waka öwrülendigini aýtmak gerek. Sebäbi Ministerler Kabinetiniň ýörite taýýarlan meýilnamasyna laýyklykda prezidentiň doglan güni ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylgy bilen utgaşdyrylyp geçirildi.

Ol çäreler 20-nji iýundan 30-njy iýun aralygyny öz içine aldy. Baýramçylyk hem dürli döredijilik dabaralary paýtagtyň merkezindäki we ähli welaýatlardaky, etraplardaky seýilgählerde, medeni we bilim ojaklarynda geçirildi.

Şeýle hem prezidentiň doglan gününe gabatlanyp, dürli binalaryň – edaralaryň hem ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy.

Öňki president S.Nyýazowyň doglan gününi baýram etmek ýüzugra beýle derejä ýetirilmändi. G.Berdimuhamedowyň prezidentliginiň eýýäm 3-nji ýylynda onuň doglan gününiň baýramçylygy on günläp dowam etdi.

Geçen ýyl onuň doglan gününe, ýagny 29-njy iýuna gabatlanyp, iýunyň soňky ýekşenbesini medeniýet we sungat işgärleriniň güni hökmünde bellemek karar edildi. Bu bolsa prezidentiň doglan gününiň baýramçylygyny dowamly geçirmäge şert döredýär.

Ruhyýet köşgünde başlandy

Iň uly baýramçylyk dabarasy ýurduň Ruhyýet köşgünde başlandy. “Baky ýaşa, halkyň gün kibi çoýup” atly ol konsetde ýurduň tanymal aýdymçylary Ata Ilamanow, Roza Töräýewa, Atageldi Garýagdyýew, Annagurban Annarejebow dagy ýaş kärdeşleri bilen “Ganat berdiň, döwrümizi gülletdiň” hem-de “Il ogluna – Arkadaga şöhrat” aýdymlary aýtdylar.

Ruhyýet köşgünde bolan uly baýramçylyk konsertine Russiýa Federasyýasyndan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkiýeden aýdymçylar topary gatnaşdy. Şeýlelikde baş konsert halkara derejesinde geçirildi.

Ýurduň Milli muzeýinde “Prezident, halkym saňa minnetdar” atly baýramçylyk sergisi hem-de konferensiýa guraldy. “Şol uly baýramçylyk çäreleri milletiň prezidente bolan öz çuňňur hormatyny, ägirt uly hoşallygyny we hakyky hormat-sarpasyny bildirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir” diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde bolsa halkara jemgyýetçiligi Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýädäki iň ýaramaz diktatorlaryň onlugyna girizdi.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswirler
     
kimden: grbn
05.07.2010 05:16
+0 / -0
()
Esasy aytjak bolya zadym bolsa, "halys doyurdy." Bu dereje bolmaz diyyan zatlarymyz adaty zatlar bolup galdy. Hudaysaklasyn geljekde bir diktatoryn doglan gununi 10 gun bellemek hem adaty zat bolup galaymasyn.
Yene bir zat, doglan gun bellemek bizin kulturamyzda(medeniyet dal) yok. Ata-babalarymyz yenisleri, milli bayramlary halk bilen gutlandyr. Onam gecsek doglan seni halayan, sen garyndaslaryn bilen gutlanmaly we harajatlary oz hasabyndan bolmaly. Eger sen bay aga bolsan onda sen hyzmatkarlerini hem ulanyp bilersin. Emma "Dowlet halk ucin" bolan yerde, halky hyzmatkar, dowleti bolsa sahsiy mulin yaly edip ulanmak adamcylyga syganok. Alladan Nejmeddin Kubranyn hormatyna sul adamlara ynsap, akyl dileyan.

kimden: Рахман nireden: Канада
05.07.2010 05:30
+0 / -0
Господин Гурбангулы Бердимухаммедова "Берекелла"-айдасым гелйар.Себаби,ол Ныязовданда адимини гин тутяр.Йоне шейле диктаторлар юрда герекми-ка!?.....

kimden: antidictatorship
05.07.2010 13:38
+0 / -0
taze döran umydym, gynansagam yitip başlady. yenam watanymyn narmalni geljegini gormek nesip etjek dal oydyan...
bu gidiş bilen kop partiyalylygam, gury göz boyamak üçin edilermika diyyan..
Hudayjan akyl ber şu yolbaşçylara!
Muňa jogap

kimden: Рахман nireden: Канада
05.07.2010 16:23
+0 / -0
Иним, хемме зат гул ялы болар. Биз шейле болжага ынанмалы! Шол себапден демократик горешин ёлыны билелешип алып барсак,ахли зат еринде болар.("Пишигин йындамлыгы саманхана ченли.......)
Muňa jogap

kimden: Arslan
07.07.2010 01:13
+0 / -0
Men dine Türkmenistanda gowılıkların bolmagına garaşyarın.Hazirki sıyaset menin göwnümden turmayar. Menin pikirime göre yurtda demokratiya bolmasa garındaşparazlık,parahorlluk,we başğa eden etdilikler güllep öser
Biz nedip Nıyazowdan miras galan yarancanlıkdan iki yüzlülükden halas bolup bileris Hezir ehli yük önüm öndürijilere düşyer POJARNİKLER,POLİSYA,SANSTANSİYA,NALOG İNSPEKSİYA önüm öndürijinin hasabına yaşayar haçan bizin gözel yurdumuzda her kim öz daban azabını iyip yaşarka.Men şol günleri görmegi arzuw edyarin
Muňa jogap

kimden: Dowletjan
07.07.2010 03:55
+0 / -0
Men size birzat aydayin. Niyazow dowri Niyazow sozi yoreyardi, (.....) dowri Bashgalaryn sozleri yoreyar, yagny perdanin anarsyndaky oturanlaryn we olara bashga bir yerden buyruk beryanlerin. (......) yuzune seretsen gorunipdur ozi islemeyandigini, yone natjek alach yok. Ya diyeni etmeli yada jandan gechmeli. Herkim bolsa oz janyny govy goryar, shon uchinem diyeni etmegi makul bilyar.

Ona buyruk beryanler bolsa shol onki Niyazovyn syyasatyny yoredyarler, yagny perdeden gelyan shohlani yapmak uchin. Name bolsada eyyam koper bilyar Hramov Jadan we Yosef Maiman barada.

Demokratiya diyyaniz welin, bununam erbet tarapy bar. Ana gunbatar yurtlarda demokratiya bar, shol demokratiyanyn govydan erbet tarapy has kopurak eger govy pikir etseniz.

Meselem;

Chagalara yashlyktan okuwlarda Jynsy gatnashygyn namedigine owretmek,

Ayal mashgala gereginden has kop azatlyk bermek ( yagny bul her hili negative tasir beryar, kabir ayallar kanundan peydalanyp bashga biriler bilen yatyp-turyar, eger ari birzat diyse goni polisiyany chagyryar),

Nelegal immigrantlary Legallashtyrmak

Gizlin kanallar arkaly ursh turuzmak, we yenede gaty kop mysal.

Men size aydayin in govy yoly. Diktatorlyk iki hili bolyar, yagny pozitivniy ve negativniy. Turkmenistandaky Negativniy bolyar, Posizitivniy bolsa Orsyet mysal bolup biler. Ana hachanda yurtda pozitivniy diktatorstva bolsa, shonda yurtda gulalagulluk bolar.

kimden: antidictatorship
05.07.2010 19:20
+0 / -0
Men her gün diyen yaly "watan" seredyan. Şonda goryan weli hazirki prezidenti ikinji turkmenbaşy etdiler eyyam. Prezidentin ozi şona dur diymese, bizin pathalymlar yenam Pygamber etjek ol prezidenti.(Yokardaky suratdadam gornup dur).Mundan 3-4 ay on halam wagt bar diiyadik welin, bulam puç boldy. Indi turkmenlerin respublikan partiyasynyn gunam gyn boldy oydyan. Bellisi yok bu gidiş bilen Türkmenbaşydanam beter bolup biler bu prezident. Men düşünemok, turkmen yolbaşçylar syyasatda ozleriçe bir yol yzarlajak bolyamy yada dowlet samsyklaryn elinde.?siz name diyyaniz okyjylar

kimden: bilermen nireden: yer şary
06.07.2010 22:20
+0 / -0
rusların bır aydyan sozı bar 'bıstro poedeş tıho ponesut'. yaman çalt 'beyık' bolan adam şeyle çalt hem 'pesejık' bolup bıler oydyan.