Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maral: Lukmanlar gazanjyň aladasynda


Nyýazow adyndaky keselhana, Aşgabat.
Nyýazow adyndaky keselhana, Aşgabat.
Türkmen metbugaty ýurtda saglygy saklaýyş ugurdan uly işleriň edilýändigi barada habar berýär. Bu hakyky ýagdaýa näderejede gabat gelýär?Azatlyk Radiosy 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň medisina pudagynda işlän, Aşgabadyň Nyýazow adyndaky keselhanasynyň öňki lukmany Maral Nedirowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen metbugatynda saglygy saklaýyşda uly işleriň edilýändigi barada aýdylýar. Bu hakyky ýagdaýa näderejede gabat gelýär?

Maral Nedirowa: Elbetde, öwgüler hem bardyr, emma bu zatlaryň ählisi reklama, telewideniýe üçin, daşary ýurtlara görkezmek üçin, ýurtda bar zadyň kämildigini görkezmek üçin edilýän zatlar. Hemişe bolşy ýaly adamlaryň gözüne gum sowurmak üçin edilýän zatlar. Halkdan bolsa kim pikir soraýar? Ozal bolşy ýaly, saglygy saklaýyş gyrak-çеtlеrdе 1970-nji ýyllaryň dеrеjеsindе dur. Men Türkmenistanyň medisina sistemasynda 20 ýyldan gowrak wagtlap işledim, şol sanda poliklinikalarda, çaga dogruş oýünde, stasionarlarda, Nyýazow adyndaky keselhanada işledim.

Türkmеnistanda mеdisina iň aşaky gatlagyndan iň ýokarsyna çеnli korrupsiýa çümеn. Mysal üçin, mеdisina okuw jaýyna girmеk üçin pul, para tölеmеli. Onsoň adam ol ýerе bilimi bilеn däl, puly bilеn girýär. Soň ol okuw jaýyny okap däl, para, pul bilеn gutarýar. Häzirki wagtda ýokary okuw jaýyna girmеk üçin onlarça müň amеrikan dollaryny bеrmеli. Özеm bu adamlaryň 200 dollar aýlyk alýan wagtynda şеýlе. Şonuň üçin okuwa, esasan, wezipeli adamlaryň çagalary girýär. Olar bolsa okuwyny tamamlansoň, diplomly bolsa-da, analiz almak, kagyz doldurmak ýaly ýönekeý zatlary-da bilmeýärler. Meniň özüm işe täze gelenleriň şeýdip işläp başlanyna şaýat boldum.

Saglygy saklaýyş gyrak-çеtlеrdе: Tеjеndе, Kakada, Daşoguz, Lеbap, Mary, Balkan wеlaýatlarynda 1970-nji ýyllaryň dеrеjеsindе.. Birinjidеn, kеsеlhanalarda profеssional wraçlar, dеrmanlar, mеdisina enjamlary ýetеnok. Hassanyň özi özüni gеrеk dеrmanlar, mеdisina enjamlary bilеn üpjün etmеli. Islеndik opеrasiýa diňе pul, aňlatma üçin bagyşlaň, para esasynda amala aşyrylýar. Şunça pul getirseňiz operasiýa ederis diýip, hassalara göni aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Operasiýa üçin näçe pul talap edilýär?

Maral Nedirowa: Bu operasiýa bagly. 500 dollardan başlap, müňe çenli, soň bahasy ýene galyberýär. Şеýlеlikdе näsagyň saglygy hiç kimi aladalandyrmaýar. Türkmеn Döwlеt mеdisina institutyny tamamlan wraçlary göz öňünе gеtiriň, olaryň özlеri hеm şеýlе para bеrip okan adamlar. Wagt gеçеnsoň, muny olaryň özlеri hеm boýun alýarlar, biz ynha şunça bеrdik, biz munça bеrdik diýip, gürrüň edýärlеr.

Ýurduň daşynda mеdisina bilimini alanlara bolsa, ýerli häkimiýetlеr diplomalaryny tassyklatmaly edýärlеr. Onsoň ol ýerdе hеm para talap edilýär. Olara işlеmägе rugsat bеrmеýärlеr, hеr hili päsgеlçilik dörеdýärlеr. Şu sеbäpdеn mеdisinada hünärli kadrlar ýetmеýär. Problema hut şu ýerden ugur alýar. Türkmenistanda bilim alan lukmanlar işläp başlan badyna adamlaryň saglygynyň aladasyny etmän, hassanyň hasabyna has köp gazanç etmegiň aladasyny edýärler. Bu örän gynandyrýar.

Azatlyk Radiosy: Adamlaryň talap edilýän puly tölemek mümkinçilikleri nähili?

Maral Nedirowa: Töläp bilmeýänler, gurby çatmaýanlar, pulsuz adamlar bar. Medisina işgärleri jübüsine pul salmasaň, mugt bolmaly hyzmatlary-da ýerine ýetirmeýärler. Hatda keselhanalarda ýönekeý sanitarkalar-da, jübisine 5 manat salmasaň, hassalaryň aşagyny arassalanok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň keselhanalaryndaky lukmanlaryň iş ukyby, spesialist hökmünde olaryň hili nähili?

Maral Nedirowa: Hassalar merkeze, Aşgabada barmaga mejbur bolýarlar, sebäbi ýerlerde lukmanlar hiç zat bilmeýär diýýärler. Merkeze baryp saglygyny bejertmek bolsa köpler üçin örän gymmada düşýär. Adamlar gije otla münüp, irden Aşgabada barýarlar we operasiýa etdirýärler. Munuň üçin hem kassa töleg edýärler hem-de nagt pul bermeli bolýarlar. Adamlar özlerinde barjasyny toplap, garyndaşlarynyň toplanjalaryny alyp, käte bolsa zatlaryny-da satyp, operasiýa etdirmeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Aşgabatda täze gurlan medisina merkezlerinde ýagdaý nähili?

Maral Nedirowa: Aşgabadyň täze medisina merkezlerinde emeli ýagdaýda nobatlar döredilýär. Mermerden gurlan bu täze merkezlerde emeli nobat döredilip, hassalaryň nobatsyz kabul edilmegi we bejerişiň tizleşdirilmegi üçin goşmaça pul alynýar. Meselem, MRT tomografiýa barlagyny geçirmek üçin hassalary nobat diýip, 2-3 aýdan soňky bir güne ýazýarlar. Şol bir wagtda-da merkeziň işgärleri hassa üçin bu barlaglaryň gyssaglydygyny we tizräk bolar ýaly, näçe bolsa-da, onuň tölemäge kaýyldygyny bilýärler.

Şeýlelikde medisina adamyň saglygyny [dikeltmegi] däl-de, hassanyň hasabyna gazanç etmegi maksat edinýär. Täze medisina merkezleriniň gurluşygy bolsa, bir tarapdan, hökümet üçin reklama, ikinji tarapdan bolsa, girdejili biznes. Ýurt ýolbaşçylarynyň şeýle merkezleriň gurluşygynyň bahasyny çişirýändigi we daşary ýurtlardan satyn alnan enjamlaryň bahasyny hem artdyryp görkezýändigi, hiç kim üçin syr däl. Şeýlelikde şu günki gün medisina Türkmenistanda iň korrumpirlenen pudaklaryň biri bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Derman üpjünçiligi nähili? Saglyk ätiýaçlandyryş pasportynda göz öňünde tutulýan sanawa däri-dermanlar girýärmi?

Maral Nedirowa: Dermanlaryň sanawy bar, olaryň käbirleri ätiýaçlandyryş pasportyna görä berilmeli. Emma iň zerur we gymmat bahaly dermanlar bu sanawa girmeýär. Sanawda görkezilen dermanlar hem köplenç tapdyrmaýar, aptekalarda, ýagny dermanhanada köplenç bolmaýar. Emma dermanhanalaryň işinde-de kölegeli taraplar bar. Ýola goýlan düzgünler bar, ýagny hemme zat satylýar. Hassa derman ýok diýýärler-de, özleri bolsa bir-birine satýarlar
XS
SM
MD
LG